Bäsleşige ukyply, ýokary hilli öndürilýän önümleriň hatary artýar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda giň gerimli işleri durmuşa geçirip, dürli hil nyşanly önümleriň bolçulygyny döredýärler. Şeýle-de zähmetsöýer telekeçiler işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda guwandyryjy önümçilik netijelerini gazanýarlar.
Belent maksatlara beslenen şeýle işlerde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetem mynasyp hyzmatlary bitirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan öňdebaryjy kärhana indi ençeme ýyl bäri hereket edip, sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Hojalyk jemgyýetiniň işçileridir hünärmenleri ummasyz gorlara daýanýan ýerli uglewodorod çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden birnäçe görnüşli önümleri öndürýärler.
Kärhanada köp möçberde öndürilýän plastmassalardan bolan ýükasty tekjeler toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleridir harytlary ýüklemekde we düşürmekde giňden peýdalanylýar. Olar harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagy üçin oňaýlydyr. Şeýle-de hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjelerine garanyňda önümçilik maksatlary üçin has-da ygtybarly bolup durýar.
Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara eýe bolýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da kärhanada sarp edijileriň yzygiderli ösýän isleglerine baglylykda öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy kärhananyň zähmet topary önümçilik kuwwatyna laýyklykda üstümizdäki ýylyň dowamynda öndüriljek 240 müň plastmassa tekjesine derek onuň çykarylýan möçberini hasam ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär Munuň özi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramlaryny mynasyp zähmet sowgatlaryna beslemäge mümkinçilik berer.