12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

photo

Hazar deňziniň umman geçmişi bardyr: alymlaryň pikiriçe, bu deňiz bir wagtlar kontinentiň giň ýerlerini eýeleýän gadymy Tetis okeanynyň galyndysy hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi dünýä ummany bilen araçäginiň ýoklugy üçin ony duzly köl diýip atlandyrýarlar. Muňa garamazdan, bu deňizdir we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa resmi taýdan ykrar edildi (2018-nji ýyl, Aktau şäheri, Gazagystan).

Müňlerçe ýyllap Hazar deňzi adamlary balyk we beýleki deňiz önümleri bilen baýlaşdyrdy, onuň baý biologik resurslary bolsa türkmen deňizýaka ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzdi. Tebigatyň baý hazynalarynyň biri – dünýäde mirabilitiň iň uly känleriniň biri bolan Garabogazköl aýlagydyr. Deňziň kenarýaka sebitleri bolsa uglewodorod serişdelerine baý. Bu ýerde minerally, aýratyn-da, gidrominerally serişdeleriň, şol sanda ýod-brom çig malynyň mukdary örän uly.

Deňziň suwlarynda we aşaky çuňluklarda ýaşaýan janly-jandarlar dürli-dürlüdir. Ösümlik dünýäsi kän baý bolmasa-da, deňziň günorta kenarlarynda subtropik jülgeler duşýar. Aýlaglar we çuň bolmadyk limanlar suwotulara we planktona baý bolup, suw guşlary üçin amatly mekana öwrülýär. Her ýyl bu ýerde flamingolar dynç alýarlar, kähalatda bolsa, eger gyş sowuk bolmasa, gyşlamaga galýarlar. Olar beýleki suwda we suw ýakasynda ýaşaýan guşlar bilen birlikde, bu ýerleriň özboluşly tebigy bezegine öwrüldi. Bu guşlar ýazda we güýzde göçüp geçýän wagtlarynda Hazarda galýarlar.

Eger Hazar deňzi tebigatyň hakyky gudraty bolsa, onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy onuň kenaryndaky gymmatly merjenidir. Tebigy gumly kenarlar, deňiz şemaly, ýyly güneş bilen gyzyp duran howa – doly derejede dynç almak we saglygy dikeltmek üçin esasy zatlaryň ählisi bar. Awaza ýakyn türkmen deňiz pudagy ekologiýa taýdan howpsuz diýlip ykrar edilýär. Deňiz suwunyň, kenarýaka suwlaryň we topragyň ýagdaýyna «Hazarekogözegçilik» gullugynyň hünärmenleri gözegçilik edýärler. Awaza olaryň gözegçilik edýän iň möhüm ýerleriniň biridir.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bag ekmek işi Milli tokaý maksatnamasynda aýratyn ugur hökmünde görkezilendir. Toprak-howa şertleri boýunça çylşyrymly bolan kenarýaka zolakda tokaýlaşdyrma ylmy esasda alnyp barylýar, bu ýerde ýüz ýyllyk tejribä esaslanylyp dürli ösümlik görnüşleri oturdylýar.

Deňiz kenarynda ýerleşýän bu syýahatçylyk şäheri häzirki wagtda Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Onuň binalary we gämi gatnawly «Awaza» atly emeli derýasynyň bezegleri adam tarapyndan üýtgedilen tebigy landşaftyň dynç alyş we «ýaşyl» binagärligiň oýlanyşykly nepisligini nygtaýar.

Gülleýän Awaza jemgyýetçilik we medeni durmuşyň işjeň merkezine, sagaldyş syýahatçylygyň, maşgala dynç alşynyň we halkara forumlaryň, şol sanda daşky gurşawy goramak boýunça forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bir söz bilen aýdylanda, dynç alyş merkezine öwrülen tebigatyň ajaýyp künjegi baý durmuşda ýaşaýar, tebigaty goramak başlangyçlaryny öňe sürmek, sebitleýin ekologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilik döredýär. Türkmenistan Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we pugtalandyrylmaga aýratyn üns berýär, bu bolsa deňziň ekologik howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu çemeleşme ýurduň BMG-niň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (Tähran konwensiýasy) goşulmagynda-da aýdyň görünýär. Geljek ýyl bu Konwensiýanyň güýje girenine 20 ýyl dolýar. Onuň çäklerinde dört sany Teswirnama kabul edildi. Olaryň hatarynda Nebit bilen hapalanma hadysalaryna garşy sebitleýin taýýarlyk we hyzmatdaşlyk hakynda (Aktau, 12 awgust 2011), Gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde Hazar deňziniň hapalanmagyny goramak hakynda (Moskwa, 12 dekabr 2012), Serhetüsti babatda daşky gurşawa täsir etmelere baha bermek hakynda (Moskwa, 20 iýul 2018) Teswirnamalar bar. 2014-nji ýylyň maýynda bolsa Aşgabatda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna Biologik dürlüligi gorap saklamak hakynda Teswirnamasy kabul edildi. Konwensiýa bäş döwlet üçin deňziň biologik serişdelerini goramak we dikeltmek boýunça bilelikdäki kararlar üçin hukuk binýadyny döredýär. Onuň güýje giren güni – 12-nji awgust häzirki wagtda Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Şeýle hem 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde bäş Hazarýaka döwleti tarapyndan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy boýunça Konwensiýa gol çekilmegi möhüm waka boldy. Häzirki wagtda bu resminama ýurtlar tarapyndan tassyklama tapgyrynda. Bu resminama laýyklykda, Hazar deňzine aýratyn dereje berilýär, ýagny ol kontinentara deňiz hökmünde ykrar edilýär. Hazarýaka bäş döwletiň üçüsi, şol sanda Türkmenistan, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlardyr.

Biologik dürlüligi we tebigy landşaftlary goramak işi Balkan welaýatyndaky iki dürli döwlet tebigy goraghanasynda alnyp barylýar. Olaryň biri botaniki ugra gönükdirilen Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy, beýlekisi bolsa kenarýaka batgalyk ýerlerini we deňziň akwatoriýasyny öz içine alýan Hazar döwlet tebigy goraghanasydyr. Hazar tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň maksady suw guşlarynyň gyşky mesgenleriniň goragydyr. Bu ýerlerde alymlar deňziň derejesiniň üýtgemegi, howanyň ýagdaýy, atmosferadaky ýagynlar we derýalaryň deňze akmagy bilen bagly gidrodinamik prosesleri (suwasty wulkanlar, gryfonlar, flýuidler) öwrenýärler.