Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi

photo

Ýakynda (2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda) Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (uniwersitetinde) «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy, şeýle hem onuň çäklerindäki küşt boýunça dostluk ýaryşy geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň, BMG-niň Maglumat merkeziniň hem-de BMG – 80 jemgyýetçilik komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen küşt ýaryşy Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň awtordaş bolup çykyş etmeginde yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli geçirildi.

Çärä jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusynyň wekilleri, mekdep okuwçylary, talyplar we Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň ýaş liderleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň gutlag sözi bilen başlandy.

Soňra dabarada Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň başlygy, Russiýanyň DIM-iň MGIMO-nyň rektory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor A.W.Torkunow, BMG-niň Maglumat merkeziniň müdiri W.W.Kuznesow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew, şeýle hem sowet we russiýaly hokkeýçi, BMG-niň Hoşniýetlilik Ilçisi W.Fetisow çykyş etdiler.

E.Aýdogdyýew öz çykyşynda sport diplomatiýasynyň Türkmenistanyň halkara işleriniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Sport parahatçylygyň, ynamyň we özara düşünişmegiň gullugynda – bu Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň durmuşa geçirýän sport hyzmatdaşlygy strategiýasynyň düýp manysydyr. Şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Ýeňişiň 80 ýyllygy, şeýle hem BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy ýaly möhüm seneleri belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dekabrda Aşgabat şäherinde dünýäniň onlarça döwletlerinden we halkara guramalaryndan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek Halkara maslahaty bu çäreleriň naýbaşysy bolar.

Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny barada aýdyldy. Geçiriljek çäräniň sport, medeniýet we diplomatik aragatnaşyk arkaly birleşmegiň nyşany bolmak bilen, parahatçylyk, özara düşünişmek we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmäge çagyrylýandygy bellenildi.

Küşt boýunça geçirilen ýaryşa 30-dan gowrak adam, şol sanda diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar we sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi: gatnaşyjylara ýadygärlik diplomlary, ýaryşyň ýeňijisine bolsa Oýunlaryň kubogy gowşuryldy.

BMG-niň oýunlary 2025-nji ýylyň sentýabrynda futbol, tennis we küşt ýaryşlary bilen dowam eder.