Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy

photo

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Ol diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Sergi we onuň bilen utgaşyklylykda geçirilýän köp sanly gyzykly çäreler çagalarda, olaryň ata-enelerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Serginiň açylyş dabarasy çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp mysalydyr. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, döwrebap bilim almagy baradaky aladalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup, çagalaryň ýokary hilli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin amatly şertler döredilýär. Çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hem aýratyn orun degişlidir.

Sergide gaznanyň milli we halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Şeýle çagalar üçin Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli lukmançylyk bejergileri, sagaldyş-dikeldiş işleri yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, dürli ýurtlarda heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Gaznanyň alyp barýan işi adamlary haýyr-sahawat işine ruhlandyryp, ynsanperwer jemgyýeti döretmäge ýardam edýär. Munuň özi ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Sergide Arkadag şäherindäki Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmekde ulanylýan usulyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenilip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli sertifikatlaşdyrma işleri geçirildi. Kärhananyň öndürýän pamyk taýajyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri we beýleki serişdeler ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda giňden ulanylýar. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň 7 görnüşini öndürýär. Daşyndan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça giň gerimli işleriň netijesi bolan bu önümler ýokary hil derejesi we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Kärhana geljekde önümçilik hataryny mundan beýläk-de artdyrmagy maksat edinýär.

Ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäherinde “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurulmagy bilen, derman we lukmançylyk serişdeleri senagatynyň kuwwatlyklary has-da artar. Täze senagat toplumy içerki islegleri zerur lukmançylyk serişdeleri bilen kanagatlandyrmak bilen, ýokary hilli taýýar önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçinem giň mümkinçiliklere ýol açar. Şeýle-de ol saglygy goraýyş ulgamyna, derman senagatyna innowasiýalary ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň nobatdaky üstünligi bolar.

Paýtagtymyzdaky “Jahan” döredijilik merkeziniň diwarlygy-da aýratyn ünsi çekýär. Döredijilik merkezinde çagalar üçin okuw, sungat we sport ugurly gurnaklaryň 17-si hereket edýär. Merkezde ýaş nesillere milli keşdeçilik, haly dokamak, aýdym-saz sungatyny öwretmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Halkara gözden geçirilişe ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem işjeň gatnaşýar. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Arassa tebigy çig maldan öndürilýän bu önümler häzirki täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän möwsümde uly islege eýedir. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini düzýär. Bu ýerde ministrlik tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary emele getirilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek.

Bilim ministrliginiň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň bilim almagy, sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sergi diwarlygynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär.

Gözden geçirilişe Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem diwarlygy bilen gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna girişildi. «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gazanan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçiren pul serişdesiniň çagalar kitaphanasynyň gurluşygyna gönükdirilendigini bellemek gerek. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň diňe bir çagalaryň beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýändiginiň mysalydyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi çagalar üçin neşir önümlerini we terbiýeçilik ähmiýetli animasiýalary hödürleýär. Türkmen döwlet gurjak teatry bolsa sergä gelýänleri türkmen halk ertekileri esasynda goýlan sahna eserleri bilen tanyşdyrýar. Iri gözden geçirilişe gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän taslamalar barada giňişleýin maglumat berýär. Türkmenistan çagalaryň saglygy, bilimi bilen baglylykda, bu halkara düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şu gezekki sergä dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary, olaryň ýurdumyzdaky hyzmatdaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Russiýanyň “Proff-press”, “Relýef-sentr” kompaniýalary neşir we kanselýariýa önümleriniň, Hytaýyň “New Plastic Limited”, “Bidy toys”, Özbegistanyň “Gold Quality Invest” kärhanalary çaga oýnawaçlarynyň, Türkiýäniň “Dalin” kompaniýasy çagalar üçin arassaçylyk serişdeleriniň söwdasynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, takyk bilimleri özleşdirmekleri üçin uly şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. “Kämil bilim”, “Sanly bilim”, “Baky Tylla” bilim merkezleri kompýuter we programmirlemäni öwrenmek üçin çuňlaşdyrylan okuwlary hödürleýär. “Halkara audit” okuw merkezi hasaplama ugurly okuwlary guraýar. “Sowatly”, “Reňkli dünýä”, “Intellect Dom” merkezleri bolsa öwrediji oýunlar arkaly kiçi ýaşly çagalaryň durmuş we pikirleniş endikleriniň kämilleşmekleri üçin okuwlary guraýar, öwrediji gollanmalar bilen üpjün edýär. “IQ 007” merkezinde irki ýaşdan çagalaryň hat ýazuwy we çalt okamagy özleşdirmekleri, “Kitap” bilim merkezinde olaryň kompýuter tehnologiýalary bilen çagalykdan gyzyklanmaklary üçin ýörite okuw maksatnamalary hereket edýär. Halkara sergi-ýarmarkada çagalar üçin öwrediji gollanmalardyr kitaplaryň söwdasyny etmek üçin hem giň mümkinçilikler bar. Bu babatda “Arsbooka”, “Magic book”, “Book Club” dükanlarynyň diwarlyklary aýratyn özüne çekýär. Olaryň hödürleýän gollanmalary ýaş nesilde okuwa we bilimlere bolan ilkinji gyzyklanmalary döretmäge, pikirlenişi, başarnyklary ösdürmäge kömek edýär.

Bilim merkezleriniň diwarlyklarynyň ýanynyň köp adamly bolmagy halkymyzyň ylym-bilime, ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Çünki ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir. Bu ýerde geljekki hünärleri ele almak, daşary ýurtlaryň belli ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin maslahatlary almak bolýar. “Mümkinçilik dünýäsi” hojalyk jemgyýetiniň we “Global education”, “Adyl” merkezleriniň işi hut şu ugra ýöriteleşendir. “Uni-Zone” kompaniýasy bolsa Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamak mümkinçiligini hödürleýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri çagalar üçin otaglary bezemekde, ýörite mebelleri ýasamakda hem önümçilik tejribelerini artdyrýarlar. “Mähirli Puf”, “Decor Turkmenistan”, “Amantaý” kärhanalary serginiň myhmanlaryny bu ugurda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Döwletimiziň altyn gaznasy hasaplanýan telekeçiler milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek bilen, Watanymyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olar öňdebaryjy innowasiýalaryň, önümleriň ýurdumyza getirilmegine hem işjeň gatnaşyjylardyr. Şunlukda, “Ynamdar” onlaýn dükany dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşli harytlarynyň söwdasyny amatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin döwrebap hyzmaty hödürleýär. “Balam” çagalar harytlary dükany sarp edijileri kiçi ýaşlylar üçin dürli esbaplar, oýnawaçlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär. “Galam” dükany bolsa diňe bir çagalar däl, eýsem, ulular üçin hem dürli kanselýariýa harytlaryny hödürleýär.

Çagalaryň dürli witaminlere baý önümleri iýmekleri olaryň sagdyn ösmeginiň möhüm şertidir. “Vertera” kompaniýasy çagalar üçin dürli witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitlerini hödürleýär. Çagalar üçin harytlary, arassaçylyk serişdelerini öndürmekde we hyzmatlary hödürlemekde halkara derejede tanalýan kompaniýalaryň ýurdumyzdaky üpjün edijileri hem sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän azyk önümlerine hem möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen baglylykda, “Täze Aý”, “Tudana” haryt nyşanly önümler ýokary hili, gaplanyşynyň özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. “Ýüpekçi”, “U&Me Bubble tea” düzümleri tomus paslynda ulular, şol sanda çagalar üçin-de lezzetli bolan miwe suwlary hödürleýär. “Erteki” haryt nyşanly doňdurmalar hem häzirki döwürde geçginli önümlerdir.

“Jan Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti çagalar üçin programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda gazananlary bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar. Hojalyk jemgyýeti çagalaryň söýüp tomaşa edýän multfilmlerini we filmlerini türkmen diline geçirip, ses berip hem-de programma goşundysynda köpçülige ýetirip başlady. “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti hem öz öndürýän tehnologik enjamlary bilen sergä gatnaşýar. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara sowgat berilýän noutbuk kompýuterleriniň şu kärhanalar tarapyndan öndürilýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzda tehnologik enjamlaryň önümçiligi babatda iri kuwwatlyklar hasaplanýan bu düzümler edara-kärhanalar üçin kompýuterleri we beýleki zerur innowasion enjamlary hem öndürýär.

Sergi-ýarmarkanyň çagalar, şol sanda ulular üçin hem gyzykly bolmagyny gazanmak üçin guramaçylar onuň giň gerimli çäreleri öz içine alýan maksatnamasyny taýýarladylar. Gözden geçirilişe gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileri çäreleri guramak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, döredijilikli çemeleşmelerini hödürleýärler. “Rishat Events”, “JAM Creative”, “Party boom”, “Femmeli” ýaly düzümler çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli çäreleri, ussatlyk sapaklaryny we oýunlary guraýarlar. Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň, täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary ýaşajyk myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýar.

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň görkezilişi hem geçirildi. Bezemen sahnada görkezilen lybaslarda milli we häzirki zaman biçüwleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan tikinçilik sungatyny ýaş nesillere öwretmekde hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Serginiň çäklerinde çagalar üçin tikin tikmek, lybaslary bezemek, özbaşdak sungat eserlerini döretmek boýunça ýörite tälim beriji sapaklar hem geçilýär.

Serginiň çäginde ýöriteleşdirilen kiberzolaklar, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak, tagam taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler üçin zolaklar döredilipdir. Olarda çagalaryň özbaşdak ösüşine ýardam bermek maksady bilen, ussat tälimçi-mugallymlaryň ugrukdyrmagynda dürli çäreler, bäsleşikler guralýar. Bäbekleriň emedekleme ýaryşy, çagalaryň arasynda çalt ýazmak, özbaşdak ýasalan robotlaryň bäsleşikleri şolaryň hataryndadyr. Olarda tapawutlanan körpelerdir ýaşlara çäreleri guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Şolaryň arasynda mental arifmetika boýunça çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Çagalar görkezilýän sanlary gysga wagtda hasaplamak arkaly zehin başarnyklaryny görkezdiler. Bu dersiň ýaş nesilleriň diňe bir matematiki amallary tiz özleşdirmeginde däl, eýsem, olaryň ýatkeşligini, ünsüni, logiki we döredijilik pikirlenişini artdyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda hereket edýän bilim merkezleri çagalarda şeýle başarnyklary ösdürmek boýunça okuw hyzmatlaryny barha kämilleşdirýärler.

Ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ata-eneler çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada ussat mugallymlardan maslahatlary alyp bilýärler. Ýörite guralýan kitap ýarmarkalarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda hödürlenilýän kitaplar, öwrediji gollanmalar bilen tanşyp bolýar. Umuman, sergi-ýarmarkanyň şygary “Ähli zat çagalar üçin” bolsa-da, onuň geçirilýän ýeri ähli ýaşdaky adamlary çagalygyň täsin dünýäsine alyp gidýär. Sergi diňe bir işewürlik hyzmatdaşlygy üçin däl, maşgala bolup dynç almak, şol bir wagtda çaga terbiýesi we bilimi babatda täze hyzmatlary, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek üçin-de amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzda guralýan çäreleriň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Gözden geçirilişde iň gowy sergi diwarlygyna onlaýn ses bermek hyzmaty hem ýola goýuldy.

Ýaş nesilleriň şatlykly pursatlaryna beslenýän “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň nurana geljegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Sergi 23-nji awgusta çenli öz işini dowam eder. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.