Garagoýunly türkmenleriniň emirleriniň taryhy ýadygärligine barlyp görüldi

2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördi.
Çärä Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Ž.Andreasýan, Ermenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işgärleri, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdyrlar.
Ermenistanyň Prezidenti W.Haçaturýan mawzoleýiň taryhy gymmatlyklary, şeýle hem alnyp barylan bejeriş işleriniň tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Ilçi M.Aýazow hem öz gezeginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.