Uly we Kiçi Balkan daglary gorag astyna alynar

Balkan barada ekologiki pikir alyşmalaryň taryhy iki asyr töweregi dowam edýär. Dag gerşiniň tebigatyny goramak barada pikiri ilkinji gezek 1832-nji ýylda Grigoriý Sylyç Kareliniň Hazar deňzine guran ilkinji toplumlaýyn ekspedisiýasyndan soň ýüze çykdy. Soňra bolsa 1836-njy ýylda Hazar deňziniň gündogar kenarlary, aýratyn-da Garabogaz kölüniň kenarýakasynyň bölekleri, Uzboýuň - Amyderýanyň gadymy akymlarynyň biri, Etrek derýasynyň deltasy hem-de Uly Balkan dag gerşi we olaryň ýazgyly beýanlary taýýarlanylyp karta geçirildi. Geçen asyryň 1920–30-njy ýyllarda zoolog Mihail Laptew tarapyndan, soňra bolsa 1940–49-njy ýyllarda oňurgaly haýwanlary öwrenen Geldi Şükürow tarapyndan geçirilen ekspedisiýalar, şeýle hem häzirki zaman alymlarynyň Balkanlardaky biodürliligi seljermek boýunça geçiren gözlegleri «çölüň içindäki dag adasynyň» ekoulgamyny goramagyň zerurdygyny tassyklady.
Geçen onýyllyklaryň dowamynda tokaý gaznasyna degişli bolan çeşmeli dag etekleri we belent dag platolarynyň elýeterli çemenlikleri maý aýyndan oktýabr aýyna çenli ownuk mallary bakmak üçin öri meýdanlara öwrüldi. Bu ýagdaý ekoulgamlaryň keşbini üýtgedip, Uly we Kiçi Balkan daglarynyň tebigatynyň azalmagyna getirdi. Häzirki wagtda ekologlar bu meseläni tebigaty goramagyň bähbidine çözgüt tapmagy meýilleşdirýärler. Şonuň üçin özeni Uly Balkan dagynda ýerleşdirilen täze goraghananyň, Kiçi Balkan dagynda we Günorta Ustýurtda bolsa ýörite goraghanalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerli maldarlaryň işlerini dowam etdirmekleri üçin Balkan gerşiniň etekleri we töweregindäki öri meýdanlar olaryň ygtyýarynda galar.
Düzlükdäki dag adasynyň uzynlygy boýunça birnäçe jülgelere bölünip, täsin gözelligi bolan kanýonlary emele getirýär, olaryň dik gaýalary 600 metre çenli belentlige ýetýär. Bu ýerde iki dürli tebigy giňişlik biri-birine geçýär: aşakda — çöl-düzlük landşafty, 800 metr beýiklikden soň beýlekisi bilen çalşylýar, olaryň üsti otlar bilen örtülen, käbir ýerlerinde arçaly seýrek tokaýlar hem-de dag jülgelerine mahsus ýabany gyrymsy ösümlikler bar. Uly Balkan dagy deňiz derejesinden 1880 metr belentlikde ýerleşip, onuň iň beýik ýeri Arlan beletligi diýip atlandyrylýar. Arlan beletliginiň demirgazygynda kert inelgeleri we günortasynda has ýapy eňňitleri bar.
Soňky maglumatlara görä, Balkan daglarynda amfibiýanyň iki görnüşi, süýrenijileriň 28 görnüşi, guşlaryň 174 görnüşi, süýdemdirijileriň 45 görnüşi ýaşaýar.
Süýrenijileriň arasynda iň täsirli görnüşleriň biri — «çöl krokodili» diýip atlandyrylýan çal hažžygy bolup, ol daglyk sähralara we ýetip bolmaýan dag biotoplaryna erkin çykýar. Uzynlygy bir ýarym metre ýetýän hažžyklaryň iň ulusy, iýul aýynyň yssy howasy başlananda uka gidýär. Hatda ýüz ýyl mundan ozal iri ýyrtyjylaryň iýmitleniş obýekti bolan gozlak geçiler we dag goýunlary – dag goçylary dag platosynyň otlarynyň arasynda sürülerde gezýärdi. Häzirki döwürde bolsa hindi oklukirpisi Balkan daglarynda ýaşaýan Merkezi Aziýa gaplaňynyň esasy iýmit çeşmeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan gaplaňlary Ustýurt düzlüginiň çägine (Gazagystandaky bu belentligiň esasy bölegini içine alýar) göçdi, bu iki ýurduň ekologlary tarapyndan tassyklanyldy.
Gaplaňlaryň azalan ýerlerinde möjekleriň we şagallaryň sany köpeldi. Leşe iýýän guşlar — sakgally garaguş, akbaşly awlak, garaguş — başga ýerlere göçdiler we gaplaňyň iýmitiniň azalmagy sebäpli bu ýerde höwürtgelemegi bes etdiler. Keklikler we çöl käkilikleri öň has kän duş gelýärdi, häzirki wagtda bolsa olaryň sany azaldy. Ösümlik örtüginiň gowşamagy netijesinde gyrgylaryň, akdamak bilbilleriň, ala jokjokylaryň sany azaldy. Seýrek duş gelýän haýwanlaryň arasynda Sewersowa atýalmany, Köpetdag homýagy, daş samyry, guratlar bar.
Kiçi Balkan dagy özüniň Aý peýzažlary bilen tapawutlanýar. Onuň çeşmesi Çalsuw «düýäniň çalyndan alynan suw» diýlip terjime edilýär we onuň suwy örän tagamlydyr. Kiçi Balkan daglarynyň iň ýokary nokady deňiz derejesinden 780 metr beýiklikde ýerleşýär. Öňki döwürlerde gyş paslynyň sowuk bolan wagtlarynda Gazagystandan iki Balkan gerşiniň demirgazyk eteklerine saýgaklar göçýärdi, geçen asyrda olaryň sany örän köpdi. Häzirki wagtda beýle däldir.
Ýörite goralýan tebigy ýerleriň giňelmegi Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň bir bölegidir (2021-2025). Balkanlarda döredilýän goraghanadan başga-da, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde (Daşoguz welaýaty) Zeňňibaba döwlet goraghanasyny döretmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Amyderýa döwlet goraghanasynyň çäklerinde dag belentligini we golaýdaky köli öz içine alýan goraghanasy dörediler. Köýtendag goraghanasynyň gözegçiligine (Lebap welaýaty) bolsa Tallymerjen düzlügi tabşyrylar, bu ýerde tekejyllyk guşy seýrek duş gelýär.