Türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Bu gatnaşyklar medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly ugurlary öz içine alyp, bilelikdäki hereketleriň täze gözýetimlerini açýar. Şunuň bilen bir hatarda, munuň özi dünýäde durnukly, parahat durmuşyň mizemez binýadyny emele getirmek bilen, adamzadyň sazlaşykly ýaşamak, has gowy geljegi gurmak ýaly umumy maksatlar bilen birleşýändigini görkezýär. Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Şoňa görä, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz bu gatnaşyklary işjeň ösdürip, diňe bir diplomatik däl, eýsem, iki halky ýakynlaşdyrýan pugta dostluk köprülerini hem gurýarlar.
Türkmenistanyň we Hytaýyň köpasyrlyk taryhy bolup, ýurtlarymyzda milli däp-dessurlara, medeniýete aýratyn hormat goýulýar. Bu bolsa özara düşünişmek, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Sungat, ylym-bilim, sport ulgamlarynda özara tejribe alşylmagy dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Iki ýurtda guralýan sergiler, festiwallar, konsertler, beýleki medeni çäreler halklarymyza birek-biregiň özboluşly medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Iki dostlukly ýurt ylym-bilim, tehnologiýalar ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bilelikdäki ylmy taslamalar, maslahatlardyr simpoziumlar dürli ugurlarda, şol sanda energetika, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda bilim we tejribe alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurtda hem ylmy ösüşi höweslendirmäge goşant goşýar.
...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklary depginli ösdürilýär. Şu ýylyň iýunynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň çäklerinde geçirilen HHR-iň hem-de Türkmenistanyň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy bu gatnaşyklara täze itergi berdi.
Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine üns çekilip, ýokary derejedäki syýasy dialogyň yzygiderli we ynanyşykly häsiýeti aýratyn nygtaldy.
O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi. Gazna ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu düzümiň alyp barýan işiniň gerimini giňeltmek, hususan-da, bilim ulgamynda işlemek mümkinçiligine seretmek meýilleşdirilýär. Şunda Hytaýyň mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek ulgamynyň işine gyzyklanma bildirildi.
Nygtalyşy ýaly, Hytaýyň bilim ulgamy dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Türkmen talyplary HHR-de bilim alýarlar, Türkmenistanyň ýokary we orta mekdeplerinde bolsa hytaý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapynyň wekili Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, akademiki alyşmalary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen talyplary üçin bilim maksatnamalarynyň gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bilim, ylym ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda dialogyň pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi.
Toplum Pekiniň merkezinde ýerleşip, 500 ýylyň dowamynda Min we Sin nesilşalyklarynyň imperatorlarynyň ýaşan köşgi bolupdyr. Häzirki wagtda bu köşkler toplumy muzeý hökmünde hereket edýär. Köşgüň gurluşygy 1406-njy ýylda başlanyp, 15 ýyl dowam edipdir. Onuň gurluşygynda 1 milliona golaý işçi, 100 müňe golaý beýleki hünärmenler zähmet çekipdir. Taryhy muzeý 72 gektar meýdany tutup, onuň çäginde 980-den gowrak bina we 8 müň 700-den hem köp otag bar. Toplumyň daşy suwly garym we beýikligi 10 metr diwar bilen gurşalandyr. Sary reňk hytaý imperatorlarynyň resmi reňki bolandygy üçin toplumdaky binalaryň aglabasynyň üçegi bu reňk bilen boýalypdyr. Şeýle hem toplumyň çäginde imperatoryň we onuň maşgalasynyň dynç alan, gezelenç eden seýilgähi ýerleşýär. Ol 12 müň inedördül metr meýdany tutup, emeli baýyrlar, suw howdanlary, ýodajyklar bilen sazlaşykly utgaşýan adaty hytaý äheňinde döredilipdir. Irki döwürlerde bu ýerde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilipdir.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Gugun» taryhy köşkler toplumynda ýadygärlik surata düşdüler.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda taryhy we medeni desgalaryň 1 müň 400-den gowragynyň bardygyny bellemek gerek. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun, Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti hasaplanýan ýadygärlikler bar. Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri Hytaý bilen syýasy gatnaşyklary alyp barypdyr. Baryp biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda Parfiýa döwleti şol döwrüň syýasy güýçleriniň biri bolan Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna saldamly goşant goşupdyr. Irki döwürlerde ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan ugran ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly türkmen şäherleri möhüm ylmy hem-de medeni merkezler hasaplanypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň netijesinde köpasyrlyk mirasyň binýady emele getirildi. Täze taryhy eýýamda bu gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýär.
...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin öz adyndan, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde HHR-iň Hökümetiniň wekilleri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.
HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary myhmany mähirli mübärekläp, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli ösdürilýän ynsanperwer gatnaşyklara ýokary baha berdi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň maksat edinilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi.
Gazna alyp barýan işinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýar, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny, çaga lukmançylygy ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýar. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy barada aýdyp, şu ýyl ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýubileýiniň bellenilýändigini, bu maksatnamanyň 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edendigini aýtdy. Maksatnamanyň çäklerinde häzirki güne çenli döwrebap lukmançylyk edaralarynyň 100-den gowragy, şol sanda hassahanalar, klinikalar, lukmançylyk merkezleri guruldy.
Hytaý tarapy Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bu ulgamdaky toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň okgunly häsiýetini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen bir hatarda, O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler lukmançylygyň hemişe ösýän we kämilleşýän ulgamdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda netijeli dialogyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili mähirli garşylady.
Merkez bilen tanyşlyk onuň köpugurly işini beýan edýän wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Ylmy wagyz etmek, tehniki ukyp-başarnyklary ösdürmek, medeni alyşmalar, ösüp gelýän ýaş nesli dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelemek merkeziň işiniň esasy ugurlary bolup durýar.
Soňra türkmen wekiliýeti merkezdäki çagalar bakja-bagynda bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary, çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Hususan-da, bu ýerde körpelere interaktiw enjamlar arkaly fizikanyň we mehanikanyň başlangyç kanunlary barada düşünje berilýär. Munuň özi çagalaryň ownuk hem iri motorikasyny ösdürmäge ýardam berýär. Bölümiň “Ýagtylyk we reňkler” atly zolagynda çagalar ýörite ekranlarda şöhle bilen surat çekýärler. Şeýle oýunlar olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýär. “Tebigatyň owazlary” atly zolakda çagalar sesler dünýäsi bilen tanyşýarlar. Olar dürli jandarlaryň seslerini diňleýärler, adaty bolmadyk saz gurallarynda dürli owazlary döredýärler. Bu bolsa çagalaryň aýdym-saz ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.
Türkmenistanda-da Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 150 orunlyk inklýuziw çagalar bagynyň hereket edýändigini bellemek gerek. Olarda mümkinçiligi çäkli çagalaryň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri, jemgyýete doly derejede goşulyşmaklary üçin tagallalar edilýär.
Çagalar bakja-bagy bilen tanyşlykdan soňra, Oguljahan Atabaýewa merkeziň “Innowasiýalar giňişligi” bölümine baryp gördi. Bu ýerde çagalar programmirlemegiň we konstruktorçylygyň esaslaryny özleşdirip, robot nusgalaryny döredýärler. Mundan başga-da, çagalar 3D, sanly modelirleme, emeli aň ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şeýle hem bu ýerde asman jisimlerini öwrenmek bölümi ýerleşýär. Ol çagalaryň astronomiýa, tebigy ylymlara höwesini artdyrmaga ýardam berýär.
Merkezde türkmen wekiliýeti çaga attraksionlar toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu toplum çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, olaryň fiziki işjeňligini ösdürmäge hem kömek edýär. Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bu ýerde bilim alýan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi we olara sowgatlary gowşurdy.
Şeýle hem bu ýerde türkmen wekiliýetiniň hormatyna Hytaýyň gadymy çaý taýýarlamak sungaty görkezildi. Hytaý halkynyň bu däbi çaýdan lezzet almak bilen bir hatarda, onuň filosofiýasyna düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetinde hem çaýa aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Halkymyz döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri hemişe çaý başynda maslahatlaşypdyr. Çaý başynda söhbet etmek adamlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, çaý adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Adaty hem-de halk lukmançylygynda çaý bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar.
Merkezde Hytaýyň milli medeniýeti we medeni mirasy bilen tanyşdyrýan bölüm hem hereket edýär. Interaktiw sapaklar arkaly milli medeniýeti gorap saklamak, wagyz etmek bu bölümiň esasy wezipesi bolup durýar. Bölümde ýokary hünär derejeli mugallymlar çagalara milli medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda kalligrafiýa, şekillendiriş sungaty, küşt, keşdeçilik sungaty boýunça sapak berýärler.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasy Pen Liýuan bilen duşuşypdy. 2024-nji ýylda bolsa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýurdumyza saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtygy Aýjereniň pandanyň şekili esasynda taýýarlan keşdesini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini ondan haýyş edendigini ýatlamak ýakymlydyr.
Türkmen zenanlary çeper elleri bilen ajaýyp halylary, keşdeleri döredýärler. Olaryň bu döredijiligi gaýtalanmajak ussatlygyň we irginsiz zähmetiň aýdyň nyşanydyr. Asyrlaryň dowamynda bu sungat eneden gyza, nesilden-nesle geçirilipdir we özboluşly terbiýe mekdebine öwrülipdir. Edep-terbiýe, ýokary medeniýetlilik, belent adamkärçilik, kiçä sylag, ula hormat goýmak halkymyza mahsus ýörelgelerdir. Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek, maşgala gymmatlygyny saklamak, çagalaryň berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
...Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Munuň özi özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gadymy hytaý sungatynyň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.
Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. O.Atabaýewa Hytaýa gelmäge çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, geljek üçin anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.
Hanym Li Bin Oguljahan Atabaýewany Sun Sinlin adyndaky gaznanyň adyndan mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda bilim we çagalaryň saglygyny goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy hytaý we türkmen halklarynyň gadym döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini aýtdy we 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň “Bir guşak, bir ýol” sammitine gatnaşmagynyň, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine gatnaşmagynyň, olaryň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.
Oguljahan Atabaýewa hanym Sun Sinliniň şahsyýet hökmünde ýerine ýetiren işleriniň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, parahatçylygy saklamagyň türkmen hem-de hytaý halklaryna mahsus ýörelgelerdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki gaznanyň hyzmatdaşlygy arkaly türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.
“Sun Sinlin adyndaky gazna halkara gatnaşyklary ilerletmekden başga-da, zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berýär, medeniýeti wagyz etmek, ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu ugurlaryň köpüsi biziň üçin hem örän möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gaznamyzyň alyp barýan işi adamyň saglygyny we ösüşini ileri tutup, munuň üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we şu ýylyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigini belledi. Bu maslahata hanym Şen Beiliniň ýolbaşçylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hususan-da, eneligi we çagalygy goramak ulgamynda özara hereketleri ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Hanym Li Bin bu halkara forumyň ähmiýetini nygtap, hytaý tarapyna türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi hem-de onuň döredilen gününden bäri saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim ulgamlarynda köp netijeli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada bellenildi. Gazna lukmançylyk bejergisine mätäç, şeýle hem ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berýär. Çünki ösüp gelýän nesliň saglygy we abadançylygy baradaky alada durnukly geljegiň kepilidir. Oguljahan Atabaýewa gaznanyň öz işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýändigini we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň durmuş ugurly taslamalara seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Hanym Li Bin ýaş nesliň saglygyny goramaga, olara ýokary hilli inklýuziw bilim almak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar arkaly iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň jemgyýetde abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Hanym Şen Ýueýue myhmany mähirli mübärekläp, türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň gözbaşyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan mizemez türkmen-hytaý dostlugynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary 2024-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we saparyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Pekiniň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde iki döwletiň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Iki halkyň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň özara maksat edinilmegi munuň üçin esas bolup durýar.
“Biz Hytaýa ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly asylly maksat bilen geldik. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda üstünlikli alnyp barylýar” diýip, O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, gazna saglyk meselesi we beýleki durmuş kynçylyklaryna sezewar bolan çagalara kömek bermek üçin milli derejede döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barýar. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa türkmen tarapynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtap, şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy.
Hanym Şen Ýueýue hytaý tarapynyň gol çekilen Ähtnamany ýurtlarymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalaryň bähbidine iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşygy boldy. Gun Çžen O.Atabaýewany mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý taryhynyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, çagalaryň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu düzümiň esasy wezipesidigini belledi. Ol türkmen wekiliýetiniň Hytaýa şu gezekki saparynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini aýdyp, Hytaýyň söwdada we ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk, tehnologiýalar ulgamlarynda hem öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, çaganyň saglygyny goramak, sagaldyş-dikeldiş ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.
Şanhaý şäheriniň häkimi gaznanyň alyp barýan işiniň geriminiň, şeýle hem onuň ynsanperwer ýörelgelere, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bu ugurdaky dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, zenanlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň HHR-e sapary saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.