Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şu günki waka “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Sergide gurluşyk, senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumy ösdürmek babatda döredýän döwrebap şertleri netijesinde gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär. Sergi diwarlyklarynda ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşanly önümler halkara bazarlarda giňden tanalýar. Ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy üçin bu harytlara uly isleg bildirilýär. Şeýle hem sergide elektron senagatyň önümlerine orun berlipdir. Bu pudagy ösdürmekde türkmen ýaşlarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistanda gurluşyk we senagat pudagyny innowasion taýdan özgertmek, senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda dürli gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegine, olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň artdyrylmagyna, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Giň gerimli işleriň netijesinde ýerli çig mal serişdelerinden ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumlary gurulýar.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow önümhananyň edara binasyna bardy. Bu ýerde hünärmen şu gün açylyp ulanmaga berilýän täze önümhananyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we önümhananyň işine ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy onda döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryldy. Olarda kärhanada öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglary geçirilýär. Hususan-da, “BTLT-2” enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygy barlanylýar. “Vici vishion” enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçegi, “Labniks” enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, “AGR” enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär. Barlaghanada bu işleriň alnyp barylmagy önümleriň ýokary hilini üpjün edýär. Hünärmen ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanalarda zähmet çekmäge döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy.
Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän “IS” enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. “IS” enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.
Soňra bu ýerde täze önümhana güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl hemmeleri şu günki dabaraly waka mynasybetli gutlap, bu döwrebap zawodyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilendigini belledi. Işewür aýna gaplaryň peýdaly artykmaçlyklary barada aýdyp, täze kärhananyň bir gije-gündiziň dowamynda ekologik taýdan arassa gaplyk çüýşe önümleriniň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem S.Meindl Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra işewür Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
Soňra çykyş etmek üçin Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro söz berildi. Kompaniýanyň wekili hemmeleri täze kärhananyň işe girizilmegi mynasybetli gutlap, taslamany durmuşa geçirmäge döreden ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. A.Nigro Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle-de önümhana Italiýanyň “Bottera” kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimize senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Täze taryhy döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Täze kärhana hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly bolup, baý çig mal binýadynyň ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we ykdysady kuwwaty pugtalandyrmak üçin netijeli ulanylýandygyny görkezýär. Ýerli çig mal binýadyna daýanylmagy bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýurdumyzda aýna önümçiligi üçin zerur bolan ýokary hilli kwars çägesiniň, dolomitiň, hek daşynyň, natriý sulfatynyň baý gorlary bar. Ýerli çig malyň ulanylmagy diňe bir önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesiniň bökdençsiz dowam etmegini-de üpjün edýär. Bu taslama daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Täze kärhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda awtomatlaşdyrylan dolandyryş we hil gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň iň ýokary standartlara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi kärhana üçin diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda hem giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de täze kärhananyň döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýerli ilaty ýüzlerçe täze iş orny bilen üpjün eder. Ýokary hünär derejeli inženerler, tehnologlardyr işgärler öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanarlar.
Şu günki waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi geljege ynamly garaýan, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmegiň ýolunda aýgytly ädimleriň biridir. Ekologik talaplara laýyk gelmegi döwrebap önümçiligiň ýene bir aýratynlygydyr. Täze kärhana ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Bu bolsa daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam berýär. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy ulgamlar, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullary topragyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüni almaga, netijede, ekologik abadançylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhanada ýokary energiýa netijeliligini gazanmak üçin gazy we elektrik energiýasyny tygşytly ulanmaga ýardam edýän innowasion çözgütler ornaşdyryldy. Munuň özi önümçilik çykdajylaryny peseltmek bilen bir hatarda, kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem üpjün eder.
Täze kärhana içerki bazaryň talabyny doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksport kuwwatyna-da eýedir. Döwrebap enjamlaryň we ýokary hilli çig malyň ulanylmagy bilen, bu ýerde öndürilýän önümler halkara standartlara laýyk gelýär. Munuň özi azyk önümleri üçin ýokary hilli aýna gaplara islegiň barha artýan şertlerinde kärhananyň eksport mümkinçiligini has-da artdyrýar. Eksportyň ýola goýulmagy girdeji çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitdäki hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn şertleri döreder. Ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda strategik taýdan amatly ýerleşmegi döwrebap zawodyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi logistikany ýeňilleşdirmäge, ulag çykdajylaryny azaltmaga ýardam berip, kärhananyň önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.
Aýna gaplaryň önümçiliginiň ösüşi durnukly ösüşiň hem aýdyň nusgasydyr. Çünki aýna ekologik taýdan iň arassa we gaýtadan işlemek üçin amatly serişdeleriň biri bolup durýar. Önümçiligiň ýola goýulmagy aýnany gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin binýady döredýär. Şeýle hem täze önümçilik milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny ösdürmäge ýardam berer. Azyk, derman senagaty ýaly pudaklar ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli gaplyk çüýşe önümleri bilen üpjün ediler. Bu bolsa olara önümçilik çykdajylaryny azaltmaga, önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
...Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ynha, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Döwrebap senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynda Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa Bitaraplyk şäherçesi bilen birlikde döwrebap awtomobil köprüsiniň ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan täze seýilgähiň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar ulanmaga berler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunda halkymyza uly sowgat bolar. Bu gün Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň halkyň bagtyýar durmuşynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, täze kärhananyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.