Türkmen hünärmenleri emeli aňy gümrük işine ornaşdyrmak boýunça ylmy maslahata gatnaşdylar

2-3-nji sentýabrda Gyrgyzystan Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynyň Baýet obasynda «Gümrükde emeli aň» atly ikinji halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre Gyrgyzystan Respublikasynyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan GIZ halkara guramasy ýaly halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde guraldy.
Maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň iki sany hünärmeni gatnaşdy. Iki gün dowam eden çäräniň çäginde gatnaşyjylar emeli aňy durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar we gümrük işlerinde emeli aňy giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar. Şeýle hem maglumatlaryň tizliginiň, howpsuzlygynyň we ygtybarlylygynyň möhüm ähmiýete eýe bolan häzirki zaman global üpjünçilik zynjyrlarynyň çäginde sanlylaşdyrylmagyna we innowasiýa çözgütleriniň durmuşa geçirilişine üns berildi.