Milandan Aşgabada çenli: «OGT 2025»-e barýan ýolda energetika gepleşikleri

«Türkmen Energiýa Forum» (TEF) tarapyndan taýýarlanyldy
9-12-nji sentýabr aralygynda Milanda geçirilen «Gastech 2025» atly halkara maslahaty we sergisi dünýä energetika pudagy we esasan hem Türkmenistan üçin möhüm waka boldy. 150-den gowrak ýurtdan on müňlerçe hünärmenleri, senagat ýolbaşçylaryny we innowatorlary ýygnap, «Gastech» tebigy gaz, suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG), wodorod we arassa energiýa tehnologiýalary ýaly mowzuklary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem energiýa geçişini çaltlandyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy meýdançasy hökmünde öz ornuny ýene bir gezek tassyklady.
Ýokary derejeli gatnaşyk we dünýä derejesindäki gepleşik
Resmi maglumatlara görä:
«Gastech 2025»-e energetika pudagynyň 50000-den gowrak hünärmeni, şol sanda 7000-den gowrak wekil we çykyş edýän 1000 sany bilermen gatnaşdy.
Sergide halkara kompaniýalaryň 1000-den gowragy görkezildi.
150-den gowrak ýurtdan gatnaşýanlar gelip, olaryň arasynda energetika ministrleri hem-de «Shell», «TotalEnergies» we «Eni» ýaly iri halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem bardy.
Tehniki we söwda maslahatynyň çäklerinde wodorod, howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly tehnologiýalary we emeli intellekt-energiýa ýaly alty ugur boýunça 70-den gowrak mejlis geçirilip, olar iň täze tehnologiýa we söwda ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalary üpjün etdi.
Bu täsirli görkezijiler diňe bir «Gastech»-iň gerimini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwlet düzümleriniň we hususy pudagyň energetiki geçiş, gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine çynlakaý çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.
«Gastech 2025»-iň esasy mowzuklary
«Gastech 2025»-iň gün tertibinde birnäçe möhüm meselelere üns berildi:
Energetika howpsuzlygy we suwuklandyrylan tebigy gazüpjünçiligi – geosyýasy näbelliligiň barha artýan şertlerinde ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny emele getirmek.
Uglewodorod zyňyndylaryny azaltmak we arassa energetika tehnologiýalary – wodoroda, uglerody tutmak we saklamak (CCS/CCUS) tehnologiýalaryna, howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly çözgütlere hem-de gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz pudaklarynda işiň yzygiderliligini optimizirlemek üçin emeli aňyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Kadalaşdyryjy düzgünler we maýa goýum nusgalary – energetiki geçişiň häzirki ösüş ugurlarynyň şertlerinde önümi bölmek, salgyt-roýalti ulgamlary we garyşyk nusgalar baradaky ylalaşyklaryň ösüşini seljermek.
Innowasiýalar we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy – energetiki pudagyň üýtgemeginde sanly, ekologiýa taýdan arassa ýangyç görnüşleriniň, gämi gatnawy üçin durnukly çözgütleriň we «ýaşyl» wodorodyň tutýan orny.
Tebigy gazyň geljegine bolan ynam «Gastech 2025»-iň esasy mowzugyna öwrüldi
Dünýäde iň uly tebigy gaza bagyşlanan ýyllyk sergide we maslahatda bu ýangyjyň uzak möhletleýin geljegine, onuň ykdysady we durmuş ähmiýetine bolan ynamyň agdyklyk etmegi nygtaldy.
Çykyş edenleriň pikirine görä, tebigy gaz köp ýurtlaryň ykdysadyýetini uglewodorod zyňyndylaryndan saplamaga kömek edip, emeli aň boýunça tehnologiýalarynyň gülläp ösmegi we özgermegi üçin zerur bolan elýeterli we ygtybarly energiýany üpjün etmekde hem-de energetiki geçişde möhüm orun eýelär.
«Biz gazyň gysga, orta we uzak möhletli geljegine ynanýarys» diýip, «Chevron Global Gas» bölüminiň başlygy Friman Şahin belledi. Soňky ýyllarda kompaniýa suwuklandyrylan tebigy gaz söwdasy boýunça öz iş ugurlaryny giňeltdi.
ABŞ-nyň suwuklandyrylan gaz eksportçysy «Cheniere Energy» kompaniýasynyň baş direktory Jek Fusko we «ADNOC» kompaniýasynyň (BAE) upstream işewürligi boýunça başlygy Musabbeh al-Kaabi hem gaz işewürliginiň geljekki iki onýyllygyň we ondan hem has köp wagtyň dowamynda artmagyna garaşýandyklaryny mälim etdiler. «Baker Hughes» kompaniýasynyň başlygy Lorenzo Simonelli gaza bolan islegiň «täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýene iki onýyllygyň dowamynda artjakdygyny» belläp, üpjünçiligiň artykmaç bolmagy baradaky aladalara garamazdan bazaryň öz-özüni kadalaşdyrmak ukybyny görkezýändigini aýtdy. Munuň subutnamasy hökmünde soňky aýlarda baglaşylan offteýk-şertnamalary çykyş edýär.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, TOPH gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan üçin esasy ugur bolan Aziýa gaz bazary dünýäde islegiň esasy hereketlendirijisi bolup galar. Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde hem bazaryň giňelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, Ýewropada islegiň azalmagyna garaşylýan hem bolsa, kömürden ýüz öwürmek syýasatynyň çäginde täze gaz üpjünçilikleri üçin mümkinçilikler saklanyp galýar.
TEF «Gastech 2025»-de: esasy duşuşyklar we gepleşikler
«Türkmen Energiýa Forum» (TEF) dünýä derejesindäki gepleşiklere gatnaşyp, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa sebitleriniň hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli duşuşyklar geçirip, «Gastech 2025»-de öz işjeňligini görkezdi.
Şol duşuşyklaryň dowamynda TEF-iň wekilleri:
Halkara kompaniýalary «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» atly 30-njy halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.
«OGT 2025»-iň maksatnamasyny hödürlediler we şol sanda «Galkynyş» käniniň mundan beýläk-de özleşdirilmegini, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki şelf taslamalaryny, şeýle hem TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly täze maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlediler.
«OGT 2025»-iň innowasiýalara we durnukly ösüşe ygrarlylygyny belläp geçdiler: önümçiligi peselen ýataklary ösdürmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy ornaşdyrmak, nebiti gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ösdürmek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetikanyň we «ýaşyl» tehnologiýalaryň ösüşi – aýratyn-da metan zyňyndylaryny azaltmaga we ekologiýa durnuklylygyna üns berildi.
Bu pikir alyşmalar möhüm baglanyşyk nokadyna öwrüldi: eger «Gastech» dünýä innowasiýalaryna we iň oňat tejribelere elýeterliligi üpjün etse, onda «OGT 2025» olaryň Türkmenistanda anyk taslamalara we durnukly hyzmatdaşlyga ornaşdyrylmagy üçin şertleri döredýär.
Nebitgaz pudagy üçin täze mümkinçilikler
Milanda geçirilen «Gastech 2025» we «OGT 2025»-e taýýarlyk birnäçe möhüm taraplary görkezýär:
Türkmenistanyň energetika syýasatyna we onuň maýa goýum gurşawyna barha artýan halkara ynamy.
Dünýäde tebigy gaza bolan islegiň artmagy, şol bir wagtda Türkmenistanyň dünýäde dördünji uly gaz känine, şol sanda «Galkynyş» ýaly ägirt uly ýataklara eýe bolmagy bilen utgaşýar.
Türkmenistany diňe bir uglewodorodlaryň ygtybarly eksportçysy hökmünde däl, eýsem, arassa energetika, innowasiýa we hyzmatdaşlyk babatda geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ýerleşdirmek mümkinçiligi.
Döwlet we hususy düzümleri üçin iň oňat halkara tejribelerine laýyk gelýän taslamalary we başlangyçlary görkezmek mümkinçiligi.
Halkara üns «OGT 2025»-e gönükdirildi
«Gastech»-iň üstünlikli geçirilişinden soň, energetika dünýäsi 2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «OGT 2025»-e üns berýär.
Eýýäm 40 ýurtdan 300-den gowrak halkara wekil, şol sanda ministrler, syýasatçylar we öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýandyklaryny tassykladylar.
Sergi meýdançasy doly bron edildi, bu bolsa halkara işewürliginiň Türkmenistanyň energetika pudagyna uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Maksatnamanyň çäginde önümi paýlaşmak barada şertnamalar, innowasiýalar we uglewodorod pudagyna maýa goýumlar bilen baglanyşykly ýokary derejeli pikir alyşmalary, şeýle hem daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ýurduň energetika we infrastruktura ösüşine gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Gastech 2025»-de görnüşi ýaly, dünýä energetika pudagy hyzmatdaşlygy, çeýeligi we innowasiýany talap edýän täze döwre gadam basýar. «OGT 2025»-iň öňüsyrasynda Türkmenistan dünýä energetika meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde merkezi orun eýelär.