ÝHHG-niň goldawy bilen metbugat sowatlylygy boýunça milli bilermenleriň ätiýaçlyk topary giňelýär

photo

16-17-nji sentýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezinde ýaş žurnalistler hem-de döwlet edaralarynyň işgärleri üçin metbugat we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iki günlük tejribelik okuwy geçirildi.

Okuw maksatnamasyna žurnalistleriň hünär jogapkärçiligi, hukuk medeniýetiniň esaslary, emeli aň ulgamynyň gurallary bilen işlemek boýunça amaly sapaklar, şeýle hem usulyýet maglumatlary boýunça maslahatlar girizildi.

Okuwy iki sany milli tälimçi – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirliginiň müdiri Serdar Agaýew we «Türkmenportal» elektron neşiriň žurnalisti Daýanç Konarow geçirdiler. Duşuşyga «MediaNet» halkara žurnalistika merkeziniň wekili Duman Smakow (Gazagystan) çagyrylan hünärmen hökmünde sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy ilçi Uilýam Lafyň belleýşi ýaly, ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen Türkmenistan syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ölçegleri öz içine alýan köptaraply hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. ÝHHG Türkmenistana Adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge, esasanam, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygyna we pikir aýtmak azatlygyna degişli böleginde ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlyk sanly tehnologiýalaryň çalt ösýän şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýan metbugat sowatlylygy ulgamynda hünärmenleriň we tälimçileriň milli goragynyň emele gelmegine ýardam edýär.

Geçirilen tejribelik milli tälimçileriň gatnaşmagynda guralan ikinji okuwy boldy. Gatnaşyjylaryň belleýişi ýaly, olar üçin metbugat gurluşlarynyň işiniň içki aýratynlyklaryny gowy bilýän we okuwy hünär wezipelerine laýyklykda maksada gönükdirip uýgunlaşdyran milli hünärmenlerden bilim almak uly buýsanç boldy.

Şunuň ýaly okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi diňe bir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini berkitmäge hem mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýurdumyzda metbugat we hukuk sowatlylygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň binýadyny kemala getirýär.