Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna aýratyn ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz sammitiň esasy wezipeleriniň biri hökmünde, özygtyýarlylyk we çäk bitewüligi hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň we ählumumy meseleleriň bilelikdäki çözgütleriniň esasynda ýurtlaryň arasynda gatnaşyk gurmak üçin ählumumy esas bolup hyzmat etjek Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini ilerletmek bolar.