Türkmenistan Azerbaýjanda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) III-nji oýunlaryna gatnaşýar

2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Genje şäherindäki stadionynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) III-nji Oýunlarynyň resmi açylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
GDA ýurtlarynyň III-nji Oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň Genje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl we Hankendi ýaly sekiz sany şäherlerindäki 12 sany sport toplumlarynda geçiriler.
Türkmenistan bu iri sport forumyna işjeň gatnaşyp, 12 ýurtdan gelen türgenler bilen sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşjek 50-ä golaý türgenden ybarat milli ýygyndysy bilen wekilçilik edýär. Milli türgenler sportuň göreş, dzýudo, sambo, suwda ýüzmek, gimnastika, sportuň toparlaýyn we beýleki birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşerler.
GDA-nyň Oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ädim bolup, ýurduň halkara sport hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem, bu türkmen türgenleri üçin ýokary derejeli taýýarlygy görkezmek, halkara sport gatnaşyklaryny berkitmek we täze üstünlikleri gazanmak üçin mümkinçilikdir.
GDA ýurtlarynyň III-nji Oýunlaryna 13 ýurtdan 1620-den gowrak türgen gatnaşýar we oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 23 sany ugry boýunça bäsleşikleri we 246 sany baýrakly ýerleri öz içine alýar. Oýunlaryň maksady sporty ösdürmekden, ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekden we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýratmakdan ybaratdyr.