Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleri bilen energetika we ulag ulgamlarynda uly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

Aşgabat sebit we halkara derejesinde strategik ähmiýetli energetika, ulag we logistika ulgamlaryndaky uly taslamalary öňe sürmek ugrunda işjeň hereket edýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň münberinden beýan etdi.
«Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz belledi.
Gahryman Arkadagymyz şeýle asylly we uzak möhletleýin maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň energetika, ulag we logistika, aragatnaşyk we beýleki sebit we halkara derejesinde strategik taýdan möhüm ugurlarda uly taslamalary öňe sürýändigini we olary durmuşa geçirmek boýunça işjeň çäreleri alyp barýandygyny sözüniň üstüni ýetirdi.