Türkmen suratkeşleriniň Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan eserleriniň sergisi

photo

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan surat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. 

Bu şatlykly baýramy belläp, suratkeşler her ýyl öz işlerini görkezýärler, olarda esasy gahryman göze ýakymly we örän mähirli dört aýakly dostumyz alabaýdyr. Adam bilen alabaýyň dostlugy barada täsirli eserleri tomaşaçylara ýaňadan hödürlemek üçin suratkeşleriň ylham çeşmesini nireden alýandygyna diňe geň galmak galýar.

Sergidäki iň gowy suratlaryň biri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň altynjy ýyl talyby Pawel Anahowskiniň fotorealizm usulynda ýerine ýetiren «Alabaý» atly eseridir. Alabaý göýä janly ýaly suratdan seredýär, onuň akyldar we duýgur nazaryndan tomaşaçylaryň kalby dogrudan-da eräp gidýär. Rejepberdi Muhammedowyň mazmuny we ýerine ýetirilişi boýunça örän gyzykly bolan «Garaşma» atly eseri realizm usulynda çekilip, wakanyň demir ýol menziliniň platformasynda bolup geçýän kinofilmi ýada salýar. Öz eýelerini – zenany we gyzyny ugradýan alabaý olaryň gaýdyp gelmegine şol ýerde garaşar. Bu suratyň awtoryň ýatlamalary esasynda çekilendigi mälim bolýar. Rejepberdi Muhammedow Daşkentde okapdyr, we her gezek ejesi gyz jigisi bilen ogluny görmäge Gyzylarbatdan Daşkende gidenlerinde, wepaly alabaý aýrylyşan ýerinde olaryň gaýdyp gelmegine garaşýardy.

Polat Garryýew «Bereketli çörek» atly suratynda tamdyrda ýakymly ysly, örän tagamly çörek bişirýän eýesiniň ýanynda howluda oturan alabaýy şekillendirýär. Kiçijik alabaý bolsa kiçiligine garamazdan, häzir eýesiniň aýagynyň aşagynda bulaşmak wagtynyň däldigini bilýär. 

Polat Garryýewiň ogly, awangard suratkeş Ýalkap Garryýew «Aždar» atly suratda alabaýy başgaça görkezýär. «Aždar» sözi güýçli, kuwwatly manyny berýär. Kuwwatly Aždar ýiti reňklerde, edil böküp barýan aždarha ýaly şekillendirilýär. Polat Garryýewiň «Garagol» atly eseri tomaşaçylaryň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi. Polat uzaga giden ýoldan gelip, howluda ýadawlykdan ýazylyp ýatan düýäni görkezýär. Ýöne kiçijik alabaý dostuny göresi gelip, ony oýnamaga çagyrýar. Bu surata «Gabat gelmeýän islegler» diýse bolar.

Elbetde, Aýgül Gurbanmyradowanyň «Geljegiň şöhlesi» atly eserini belläp geçmezlik mümkin däl. Bu surat realist žanrda çekilen hem bolsa, manysy boýunça sürrealistikdir. Kiçijik alabaý suwa seredende öz şöhlesini görýär, emma ol oňa geljekki alabaýyň şöhlesi hökmünde görünýär. Ähtimal, bu çaganyň tizräk ulalasy gelendir.

Alabaýa bagyşlanan suratlaryň sergisi ýene bir gezek tomaşaçylara we awtorlara (olaryň köpüsi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr) ruhy lezzet bagyşlady.