«Robotlaryň Olimpiadasy»: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

photo

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar robot tehnologiýasy boýunça Panama Respublikasynda geçiriljek «First Global Challenge 2025» atly halkara bäsleşigine gatnaşar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşik şu ýylyň 29-njy oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda geçiriler. Oňa 190 döwletiň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Halkara bäsleşige gatnaşjak topar Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan ybarat. Toparyň ady – «Oguzrobot». Toparyň düzümine Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet, Orazgeldiýew Gurbangeldi girýär. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär. 

Okuwçylar soňky birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa «Kämil bilim» okuw merkezinde doly taýynlyk gördüler. Oguz hanyň zehinli nesilleri robotlaryň dizaýnyny taýýarlamagyň, programma üpjünçiligini ýazmagyň we olary synagdan geçirmegiň dürli tapgyrlaryny alyp bardylar. 

«Okuwçylarymyzyň bäsleşige taýýarlyk derejesi ýokary. Gowy netijelere garaşýarys. Şeýle uly bäsleşige gatnaşmak, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň halkara tejribesini artdyrýar, olaryň döredijilik we inženerçilik ukyplaryny kämilleşdirýär» – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat mugallym gürrüň berdi. 

«First Global Challenge» – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bolup durýar. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýä ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.