Biologiýa boýunça IV halkara internet-olimpiadasy geçiriler
 
														
						Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça IV halkara internet-olimpiada geçirer.
Olimpiada gatnaşmaga biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi ýokary okuw mekdeplerвe öwrenýän hemme isleg bildirýän talyplar çagyrylýarlar. Gatnaşjaklar üçin bellige alyş salgy boýunça 15-nji noýabra çenli açykdyr. Bellige alnan talyplara gatnaşmak üçin olimpiadanyň başlanmagyna bir gün galanda, olaryň görkezen elektron salgysyna login we parol ugradylar.
Olimpiada 20-nji noýabrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar üçin synag sowallary hem-de ýumuşlar ýerli wagt bilen sagat 12:00-da elýeterli bolar. Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanyldy. Internet-olimpiadanyň dowamlylygy 150 minut bolar.
Goşmaça maglumatlary uniwersitetiň saýtyndaky «Halkara olimpiada» diýen bölüminden, şeýle hem +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11; +993-65-68-25-42 telefon belgiler we tdlu.iolimp@gmail.com elektron salgy boýunça alyp bolar.
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa boýunça her ýyl geçirilýän halkara olimpiada ýaşlaryň ylym bilen gyzyklanmalaryny artdyrmak we höweslendirmek, häzirki zamanyň ylmy we amaly wezipelerini seljerip we özbaşdak çözüp bilýän ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.
 
					