«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär
Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikler açýar.

Bu ýyl hem ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «akylly» şäher, sanly lukmançylyk, elektron bilim, hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şu günler «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat emin agzalar topary ýaşlaryň işläp düzen sanly çözgütlerine bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.

Taslamalar döwrebaplygy, innowasion aýratynlyklary, ykdysady taýdan netijeliligi, peýdalanmakda amatlylygy, dizaýn çözgüdi, kanunçylyga laýyklylygy, şeýle-de özboluşlylygy we programma üpjünçiligi üçin çeşme kodunyň barlygy boýunça seljerilýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri «Türkmentel – 2025» XVIII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Bu bäsleşik ýurdumyzda sanly intellektual tehnologiýalary we usullary kämilleşdirilmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak we sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bir hatarda, ýaş alymlara hem-de talyp ýaşlara özleriniň taýýarlan täze sanly çözgütlerini durmuş-ykdysady şertlerine ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.