Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär

photo

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär. Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.

Irden halkara forumyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Soňra ýygnananlar utgaşdyrylan sergi meýdançasy bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklary döredildi. Sergide ilki bu düzümleriň işindäki sanly özgertmeler, durmuşa geçirilýän hem-de meýilleşdirilýän taslamalar giňişleýin tanyşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa düzümlerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döredilýän şertleriň netijesinde toplumda uly ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Degişli döwürde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 113,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça 110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy. Bu düzümleriň sergi diwarlyklarynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasynda ilata hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirilýär.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işleri utgaşdyryjy edara bolan Aragatnaşyk ministrliginiň diwarlygynda Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynyň işi tanyşdyrylýar. Bu portal resminamalary merkezleşdirilen esasda kabul etmäge hem-de gysga wagtda alyşmaga mümkinçilik döredýär. Portal arkaly ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri giňeldildi. Raýatlar smartfon ýa-da kompýuter arkaly internetiň üsti bilen dürli hyzmatlardan peýdalanyp, olar üçin tölegleri amatly ýagdaýda töläp bilýärler. Diwarlykda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hödürleýän öýjükli we internet aragatnaşyk, poçta hyzmatlary görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy maliýe tehnologiýalaryny girizmek, maglumat geçiriş ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, emeli aň we sanly innowasiýalar ulgamyna maýa goýumlary çekmek, raýatlara döwrebap elektron hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek resminamada kesgitlenen esasy wezipelerdir. Häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet edaralarynyň binýadyna we durmuş ulgamyna döwrebap sanly çözgütleri, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.

Sergide Arkadag şäheriniň diwarlygyna hem möhüm orun berlipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasy sanly, maglumat-aragatnaşyk, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanmak bilen, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň we häzirki zaman dizaýn usullarynyň sazlaşygyny özünde jemleýär. Halkara standartlara, şol sanda ekologik talaplara doly laýyk gelýän, oýlanyşykly işlenip düzülen şäher gurşawy ýaşaýjylaryň amatly, rahat durmuşyny üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasy işe girizildi.

Sergä “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti hem diwarlygy bilen gatnaşýar. Esaslandyrylan wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda elektron senagatyň iri önüm öndürijileriniň birine öwrüldi. Kärhana önümçiligiň gerimini yzygiderli artdyryp, Diýarymyzda geçirilýän sergilere öz täze önümleri bilen işjeň gatnaşýar. Şu gezekki sergide hem “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti emeli aň esasynda türkmen dilinde gürleýän robot tehnikasy, elektron enjamlary, kabelleri, töleg, SIM we saglyk ätiýaçlandyryş maglumat kartlary, bankomatlary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde programma üpjünçiliklerini, mobil goşundylary taýýarlamakda, sanly hyzmatlary hödürlemekde, söwda platformalaryny döretmekde hususy kompaniýalara uly orun degişlidir. “Belet”, “Sanly çözgüt — IT meýdança”, “Nokat Kompýuter”, “Imdat elektronika” hojalyk jemgyýetleri, “Nurly Tolkun”, “Türkmen innowasiýa” hususy kärhanalary ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, programma üpjünçiliklerini taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler. Sergide bu kärhanalaryň hyzmatlaryna giň orun berlipdir. Şeýle-de “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti elektrik, gaz we suw ölçeýji “akylly” enjamlary bilen tanyşdyrýar.

Gözden geçirilişe tehnologiýa babatda dünýäde öňdebaryjy kompaniýalar hem işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde öýjükli we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýan “Huawei”, “Nokia” kompaniýalaryny görkezmek bolar. Monakonyň “SSI”, Fransiýanyň “Thales” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda hemra aragatnaşygy babatda gazanylanlar, “TürkmenÄlem 52oE” ikinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň asman giňişligine uçurylmagy bilen açyljak mümkinçilikler tanyşdyrylýar. Bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda 2015-nji ýylda ilkinji türkmen emeli aragatnaşyk hemrasynyň asman giňişligine çykarylandygyny bellemek gerek. Germaniýanyň “Europeer Exchange GmbH” kompaniýasy tor aragatnaşyk ulgamynda, ABŞ-nyň “Fortinet”, “Palo Alto Networks, Inc.”, “Keysight” kompaniýalary maglumat dolanyşygynyň we bulut tehnologiýasynyň howpsuzlygynda, Beýik Britaniýanyň “Wide Network Solutions”, Germaniýanyň “Kontron” kompaniýalary telekommunikasiýa hyzmatlarynda öňdebaryjy çözgütleri bilen tanyşdyrýar. BAE-niň “Integra City” kompaniýasynyň diwarlygynda “akylly” hem-de howpsuz şäher gurşawyny döretmekde, Hytaýyň “Zhejiang Dahua Teсhnology Сo., Ltd.”, “Hikvision” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa howpsuzlyk hem-de wideogözegçilik ulgamlarynda täzeçil çözgütler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Ýol-ulag düzüminiň döwrebaplygy, ýük we ýolagçy akymlarynyň tizligi ýurduň ösüşine hem uly täsir edýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin has-da möhümdir. Sebäbi dünýä ummanyna çykalganyň bolmazlygy bu ýurtlara innowasiýalary getirmegiň möhletini we bahasyny artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň iri möçberli maslahatynyň we onuň çäklerindäki çäreleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çeken iri halkara waka öwrülendigini nygtamak gerek. Onda ýol-ulag düzümleriniň ählumumy durnukly ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýedigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ulag şahalarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalar yzygiderli gurulýar. Şu ýylyň maýynda Balkanabat Halkara howa menzili açylyp ulanmaga berildi. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açyldy, şeýle-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr daşamalara ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň hem işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär. Olar bu babatda uly tejribe toplap, logistika hyzmatlarynyň gerimini barha giňeldýärler. Gözden geçirilişde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Tylla nal”, “Bereketli netije”, “Dowamly ýol”, “At-abraý”, “Döwrebap ulag merkezi”, “Halkara Türkmen Logistik” hojalyk jemgyýetleri, “EGE”, “Gama”, “Meno” ýaly logistik kärhanalar hem iş ugurlarydyr mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Şu gezekki sergä ulag ulgamynda dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda şäheriçi we şäherara ýolagçy awtobuslary bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň birine öwrülen “Zhengzhou Yutong Group Co., Ltd.” kompaniýasyny, demir ýol pudagy üçin lokomotiwleri getirmekde ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz bolan “CRRC Ziyang Co., Ltd.” kompaniýasyny görkezmek bolar. “Logenix International”, “GAP CLK Worldwide” ýaly daşary ýurt kompaniýalary logistik hyzmatlary amala aşyrmak, Hytaýyň “CAMC Engineering Co., Ltd.” kompaniýasy ösen ýol-ulag düzümlerini kemala getirmek babatda mümkinçilikleri, Germaniýanyň “Vossloh AG” kompaniýasy bolsa demir ýollary berkitmekde ulanylýan enjamlary bilen tanyşdyrýar. Russiýanyň “Sibir”, Türkiýäniň “Turkish Airlines” awiakompaniýalarynyň diwarlyklarynda howa ulagy arkaly ýolagçylary gatnatmakda hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirilýär.

Umuman, serginiň geçirilýän ýeri ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňdebaryjylaryny bir ýere jemlän möhüm işewürlik meýdançasy bolup hyzmat edýär. Ol täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek, özara tejribe alyşmak üçin ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň kompaniýalary üçin amatly şertleri üpjün edýär.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Onda ýurdumyzyň wekilleri hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Halkara Transýewraziýa daşamalar boýunça utgaşdyryjy geňeşiň, GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (РСС), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamanyň çäklerinde ulag ulgamynda strategik çäreleriň toplumy amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Döwletimiziň gatnaşmagynda dünýäniň üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler alnyp barylýar. Türkmenistan halkara ähmiýetli aragatnaşyk, ulag-logistika ulgamlaryny gurmak arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezi wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Türkmenistan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ösdürip, dünýäniň maglumat giňişligine goşulyşmagy maksat edinýär. Sanlylaşdyrmagyň durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan döwründe maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary “akylly” şäherleri, netijeli önümçilikleri we durnukly ykdysadyýeti döretmek üçin binýat bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.

Maslahatda sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy aýratyn nygtaldy. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlara elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer. Sanly özgertmeler we halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudyr. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylýan Pudagara elektron maglumat ulgamynyň mümkinçilikleri barada hem giňişleýin durlup geçildi.

Soňra maslahatlar aýratyn bölümçelerde dowam etdi. «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň “Sanly geçiş: Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi” atly bölümçesinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gazanylan üstünliklere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, raýatlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça innowasion ösüş ugruny dowam etdirýär. Arkadag şäherinde 5G aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy diňe bir şäheriň sanly infrastrukturasynyň ösüşindäki möhüm tapgyr bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu tehnologiýany tutuş ýurdumyz boýunça giňeltmegiň hem başlangyjy boldy.

Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanly ösüşiň möhüm bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilaty häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen ýokary derejede üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Daşary ýurtly wekiller çykyşlarynda wekilçilik edýän kompaniýalarynyň iş ugurlary, hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň “Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýumlar: ulagyň geljegine itergi beriji güýç” atly bölümçesinde edilen çykyşlarda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bu babatda durmuşa geçirilen taslamalar we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Mälim bolşy ýaly, gury ýer arkaly ýük daşamakda demir ýol ulagyna aýratyn orun degişlidir. Şunda demir ýollaryň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu babatda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň ugurdaş düzüminiň ösdürilmegine ýardam berýän iri halkara taslamalary durmuşa geçirdi. Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Çykyş edenler şu gezekki forumyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini giňden açyp görkezjekdigine ynam bildirdiler. 13-nji noýabrda halkara maslahat öz işini “Sebitleýin baglanyşyk we ykdysady geçelgeler”, “Üstaşyr geçelgeleriň multimodal baglanyşygyny berkitmek we oňa maýa goýumlary çekmek”, “Howa gatnawlary — durnukly ulag-logistika zynjyrynyň aýrylmaz bölegi” atly bölümçelerde, şeýle hem “Logistikada innowasiýalar we sanlylaşdyrmak” atly mejlis bilen dowam eder.

«Türkmentel — 2025» ylmy maslahatynyň ikinji gününde bolsa “Aragatnaşygyň milli infrastrukturasynyň “akylly”, howpsuz, özygtyýarly we durnukly ösüşi”, “Ösýän startaplar üçin ekosistemany döretmek: ösüp barýan bazarlarda startaplary maliýeleşdirmek” atly bölümçeler, “Telekeçilik mümkinçiliklerini ösdürmek: inkubatorlar, akseleratorlar we bilim” atly tehniki mejlis guralar. Forumyň ikinji iş gününiň çäklerinde Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny» atly forum, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan halkara startap forumy guralar. Forumyň jemleýji gününde bolsa Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty, «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçiriler.

Forumyň çäklerinde işewürlik duşuşyklaryna hem möhüm orun berilýär. Munuň özi maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga, hödürlenilýän teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açmaga şert döredýär. Umuman, utgaşykly geçirilýän forum köp sanly çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar.