Türkmenistan Özbegistan bilen Hytaý Halk Respublikasy, Merkezi Aziýa, Ýewropa Bileleşigi, Ýakyn we Orta Gündogar bilen baglanyşykly ulag ulgamlaryny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi

photo

Daşkentde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky duşuşykda, Türkmenistanyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry diýlip atlandyryldy.

Syýasy gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýratyn nygtap aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga ýardam berjek zerur infrastrukturany we şertleri döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň ähmiýetine ünsi çekdi.