Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

photo

Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.

Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy.

Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi. Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga mahsus jadyly görnüşleri döredýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi.

Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýazbaba çagalar barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada esasy orun eýeläp, munuň özi ýurdumyzyň uzak möhletli abadançylygynyň hem binýady bolup durýar. Her bir çagany söýgi we alada bilen gurşap almak, olaryň intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döretmek bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň esasyny düzýär. Döwletimiz ýaşajyk raýatlara ýurdumyzyň esasy gymmatlygy hökmünde garamak bilen, çagalar üçin saglygy goraýyş, bilim we beýleki ulgamlarda döwrebap infrastrukturany döretmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bu strategiýanyň aýdyň güwäsidir. Şunda milli däp-dessurlaryň sanly tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylan bilim gurşawynyň emele getirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleri goldamak üçin ýöriteleşdirilen sungat mekdepleri, sport toplumlary we ylmy-tehnologik merkezleri döredilýär.

Çagalaryň saglygyny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu syýasatyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalar, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary, çagalar sportunyň ösdürilmegi beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ýardam berýär. Döwletimiz her bir çaganyň jemgyýete üstünlikli goşulmagy üçin deň şertleri döredýär. Bu yzygiderli alada ýaş nesilllerde watansöýüjilik we ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Şeýlelikde, çagalar hem-de ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet doktrinasynyň aýratyn ugruna öwrüldi.

...Uly şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Ýylanyň we ýylkynyň keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde Baş arçanyň ýanynda surata düşdi. Bu dabara Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we olara Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Aýazbaba we Garpamyk, 2026-njy ýylyň nyşany bolan ýylky, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri çagalary bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor-tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň baýramçylyk mynasybetli dürli dillerde ýerine ýetiren goşgulary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.

Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri täsin galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinler hem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.

Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara sowgatlar gowşuryldy we süýjülik torty hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň şu günki dabaralara gatnaşmagy ýaş nesilleriň abadançylygy we olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen baýramçylyk çäreleri ýurdumyzda bagtyýar çagalygyň aýdyň nyşany bolup, ýaşajyk raýatlarymyzy ýetip gelýän 2026-njy ýylda okuwda we döredijilikde täze üstünliklere ruhlandyrdy.