Türkmenistanyň başlangyçlary BMG tarapyndan biragyzdan goldanyldy: energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi
2025-nji ýylda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk binýadyny ep-esli berkitdi. Bu barada daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede eden çykyşynda belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýylyň esasy netijesi boldy. Dünýäniň onlarça döwletiniň bu resminamalara awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň subutnamasydyr.
Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda kabul edilen Kararnamalara aýratyn üns çekdi: «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny tutýar hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 – 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnama geljek onýyllyk üçin ulag geçelgelerini ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän giň gerimli başlangyçdyr.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu Kararnamalar diňe bir jarnama bolman, eýsem, iş ýüzündäki guraldyr, sebäbi resminamalarda eýýäm anyk gadamlar bellenilendir. Olaryň hatarynda energetika we logistika ulgamlaryndaky häzirki ýagdaýa seljerme bermek, Türkmenistanyň teklibi boýunça döredilen BMG-niň ýörite toparlarynyň işi, şeýle hem milli, sebit we ählumumy derejeleri birleşdirýän düzümi döretmek ýaly wezipeler bar.
Kabul edilen resminamalar halkara energetika we ulag özara baglanyşygynyň täze binýadyny kemala getirmek üçin ygtybarly hukuk esasy boldy. Türkmenistan durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibi boýunça çözgütleri işläp taýýarlaýan işjeň merkezi hökmündäki ornyny ýene-de bir gezek tassyklady.