Halkyň söýgüsini gazanan teleseriallaryň sazlary ýaňlandy
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi. Sazandalar köpçüligiň söýgüli teleseriallaryndaky meşhur sazlary ýerine ýetirdiler.
Bu gezek Röwşen Nepesow dirižýorlyk etmegi Eziz Jumanyýazowa berip, özüni konserti alyp baryjy hökmünde tanatdy.
Konsert dürli ýurtlaryň Täze ýyl aýdymlary bilen açyldy. Tomaşaçylar sazandalar bilen bilelikde iňlis, türkmen we rus dillerindäki aýdymlara uly joşgun bilen goşuldylar.

Ekranda «Sprut» teleserialynyň rowaýaty komissary Kattani peýda bolýar we filmiň iň dartgynly pursatlarynyň biri gahrymanyň gyzyny ýitirmegi bilen bagly bolan saz ýaňlanýar. Batyr polisiýa işgäriniň köp sanly janköýerleri ýene-de oňa duýgudaşlyk bildirýärler.
Ondan soňra bolsa, öz wagtynda köp sanly tomaşaçylary telewizoryň öňünde jemlän «Santa-Barbara» filminiň hemmelere tanyş sazy ýaňlandy. Biz ýene-de bu tükeniksiz filmiň baş gahrymanlary bolan Sisi, Iden, Kruz, Kelli, Meýson we beýlekiler bilen duşuşýarys. Bu serial öz wagtynda tomaşaçylar tarapyndan şonçalyk gyzgyn garşylanypdy welin, hatda ol barada dürli rowaýatlar hem döräpdi. Konserti alyp baryjy olaryň käbirini tomaşaçylara gürrüň berdi.

1990-njy ýyllaryň kynçylyklaryna duçar bolan ýigitleriň polat ýaly berk dostlugy barada «Brigada» filminiň sazy we ekrandaky iň täsirli pursatlar şol döwrüň ruhuny täzeden dikeltdi.
Türk seriallaryndan bolsa «Leýla», «Uzak şehir», «Eşref we Rüýä», «Kara Sevda» ýaly filmleriň sazlary ýaňlandy. Konsertiň tomaşaçylary dürli halklaryň we medeniýetleriň filmlerinde şekillendirilen belent duýgularyň dünýäsine gümra boldular. Zenan partiýalaryny Aýna Baýramgeldiýewa we Nurbibi Nepesowa uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Konsertiň dowamynda Röwşen Nepesowyň kompozisiýa boýunça şägirdi Gulgeldi Gatyýewiň tanyşdyrylyşy boldy. Ol özüniň düzen «Meniň dostum» we «Şadyýan tans» atly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Alyp baryjynyň «Meniň dostum» diýen eseriň kime bagyşlandygy baradaky soragyna ýaş kompozitor «Pianino» diýip jogap berdi.
Konsert maksatnamasyny sahnanyň ýene bir myhmany – Türkmenistanyň halk artisti, zarply saz gurallarynyň ussady Hakberdi Allamyradow jemledi. Ol özüniň «Awçy mukamy» atly eserini ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar sazlaryň ajaýyp ýerine ýetirilendigi we ekrandaky pursatlar arkaly döredilen ýakymly ýatlamalar üçin Hakberdi Allamyradowa hem-de Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalaryna dowamly el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.