Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyny ösdürmek we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan häzirki oba hojalyk işleriniň gidişi bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýeti pugtalandyrmakdaky esasy ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, hut oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmeti ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýadydyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer T.Atahallyýewe oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, pudagy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we sebitleri ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin meýdan işleriniň hili baradaky meselä aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sebitler üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegi, öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen wagtynda üpjün edilmegini, şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitledi.