Ussat heýkeltaraşyň täze işleri
Türkmen awçylyk däpleriniň, şol sanda laçyn awunyň aýratynlyklary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, meşhur heýkeltaraş Baýgeldi Annamedowyň «Düýäniň üstündäki awçy» diýlip atlandyrylan täze işinde öz beýanyny tapdy. Suratkeş düýäniň üstünde aw edýän türkmen ýigidiniň keşbini suratlandyrypdyr. Onuň bir elinde ýaý, ýokary göterilen beýleki elinde bolsa awçy laçyn şekillendirilipdir. Gum depeleriniň arasyndan barýan awçynyň ýany bilen iki sany türkmen tazysy barýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmenlerde awçylyk käri giňden ýaýrapdyr. Awçylyk hakykatdan hem erkek kişiniň işi hasaplanyp, çalt hereketi, başarnygyny, mergenligini, çydamlylygyny we sabyrlylygyny ösdürýärdi. Gadymy döwürlerde biziň topraklarymyza gelen syýahatçylar türkmenleriň hatda laçyn awuna hem ýaýsyz-oksyz çykmaýandyklaryny, olaryň at üstünde-de, pyýada ýagdaýda-da nyşanany dürs urýan ökde mergenlerdigini belläpdirler. Esasan, atly awda çalt tapmaga we awyň yzyndan ýetmäge ukyply gadymy awçy itleri – tazylar awçylaryň iň ýakyn kömekçileri bolupdyr.
Baýgeldi Annamedowyň öz eserlerinde hereketi, kuwwaty we dartgynlylygy realistik usulda bermek ukyby hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem haýran galdyrýar. Reňkleriň ussatlyk bilen saýlanyp alynmagy, ownuk böleklere çenli inçelik bilen işlenilmegi poliesterden ýasalan heýkeliň göwrümli we täsirli bolmagyny üpjün edipdir.

Awtoryň her bir zada uly üns berendigi duýulýar. Heýkeltaraş düýäniň gapdalyndan ylgap barýan syratly, inçe ýüňli, uzyn burunly we täsirli gözleri bolan tazylaryň keşplerini – «ikinji plandaky» şekilleri hem örän ynandyryjy we takyk suratlandyrypdyr.
Paýtagtymyzda guralan şahsy sergisinde ilkinji gezek görkezilen bu eseri hemmetaraplaýyn synlamaga mümkinçilik tapan tomaşaçylar heýkeltaraşyň täze işiniň realistik aýratynlygyna ýokary baha bererler.
Baýgeldi Annamedowyň ýene bir eseri «Jelaleddin Menburun, Horezmşa soltany» diýlip atlandyrylan heýkeli hem ýagdaýyň ähli dartgynlylygyny we duýgylylygyny görkezmek, hakykaty takyk beýan etmek ukyby bilen haýran galdyrýar. Bu eser geçen ýylyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan sergide ilkinji gezek köpçülige hödürlenildi.
Soňky horezmşa söweş meýdanynda, söweş atyň üstünde, elinde gynyndan çykarylan gylyç bilen gazaply tutluşykda şekillendirilipdir. Onuň ýüz keşbinde duşmany ýeňmäge bolan gaýduwsyzlyk we taýýarlyk duýulýar. Soltanyň söweş esbaplary – sowudy, tuwulgasy, ýapynjasy we eginlikleri, şeýle hem atyň gorag enjamlary iň ownuk detallaryna çenli işlenilipdir.
Heýkel şol döwrüň ruhuny we rowaýata öwrülen pälwan hökümdaryň şahsyýetini açyp görkezmek bilen, onuň mertligini we güýç-kuwwatyny dabaralandyrýar.