TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 24-nji iýunynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň nobatdaky Sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowa we onuň üsti bilen Özbegistanyň ähli halkyna myhmansöýerlik hem-de mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegidir. Bu ugur bolsa sebit prosesleriniň durnukly hem-de deňagramly bolmagyny, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny üpjün etmäge, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, ŞHG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi hem-de özümiziň sebit proseslerine gatnaşmagymyzyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly gatnaşyklar hökmünde garaýarys.

Türkmenistan ŞHG-niň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň berk deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallarynyň berkarar bolmagy üçin ulanylyp bilinjekdigine we ulanylmalydygyna ynanýar. Bu möhüm wezipeleri çözmekde ŞHG bilen işjeň özara gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

ŞHG-niň şu sammiti bu Guramanyň döredilmeginiň 15 ýyllygynda geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu döwrüň içinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işlemeginiň berk guramaçylyk we hukuk esaslary döredildi, uzakmöhletli geljek üçin onuň işiniň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uly oňyn tejribesi toplanyldy. Çykyşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz  pursatdan peýdalanyp, döwlet, hökümet Baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriň agzalaryny şu şanly sene bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlik, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.