img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi.

Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini 10-njy iýunda geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, BSG bilen bilelikde Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etjek ýurdy Ýewropa hem-de Aziýa – Ýuwaş umman sebitlerinden bolan döwletleriň arasyndan saýlap almak boýunça işe başlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň dünýä söwda ulgamyna goşulyşmak işini utgaşdyrmak maksady bilen, Milli gepleşik toparyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu toparyň esasy wezipelerine göni gepleşikleri alyp barmak, şeýle hem onuň wekilleriniň BSG-niň taýýarlyk okuwlaryna we mejlislerine synçy hökmünde gatnaşmagy degişli bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.