img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 173 million 734 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, bugdaý ununy, çig ýüpegi satyn aldylar.