img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Täjigistanyň Prezidentiniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident  Serdar Berdimuhamedow türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we iki ýurduň arasyndaky yzygiderli syýasy dialogyň okgunly häsiýetini belläp, Türkmenistanyň syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de ýola goýlan ynanyşykly dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.

– Biz Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara giňişlikdäki, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýäris hem-de özara goldaw bermek, halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary utgaşdyrmak däplerini dowam etmegi maksat edinýäris – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we türkmen tarapynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ulag arabaglanyşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak wajyp wezipeleriň biridir. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem geljegi uly ugur bolup durýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň taryhy we medeni ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigini belläp, Türkmenistanyň medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.