img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy – halkara diplomatiýasynyň we hyzmatdaşlygyň merkezi

photo

7–9-njy oktýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçiriljek esasy meýdançasyna öwrüler. Bu ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Hazar ekologiýa sammiti, şeýle hem onlarça tematik maslahat, medeni çäreler we sergiler geçiriler.

Awazada döwlet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalarynyň wekilleri we bilermenler ýygnanyp, syýasat, ykdysadyýet, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu çärelerde Türkmenistanyň orny aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Ýurdumyz dialogyň başlangyjyny öňe sürýän we sebit döwletleriniň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýän meýdança hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, pikir alyşmak üçin konstruktiw şertleri döredýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi onuň strategik wezipesini – durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň hatyrasyna döwletleri birleşdirmek wezipesini aýratyn nygtaýar.

Bu günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy açyklygyň we medeni alyş-çalyşygyň nyşanyna öwrülýär. Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek sergiler, konsertler we milli tagamlaryň festiwallary GDA ýurtlarynyň hem-de goňşy döwletleriň baý mirasyny şöhlelendirer. Bu bolsa diplomatiýanyň halklaryň medeniýeti we däp-dessurlary bilen utgaşýan, özara ynanyşmak we dostluk gurşawynyň kemala gelmegine ýardam eder.

Sebitiň ekologiýa gün tertibine we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berler. Hazar ekologiýa sammiti we suw serişdeleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçiriljek duşuşyklar daşky gurşawy gorap saklamaga we durnukly geljegi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolar. Bu başlangyçlary öňe sürmek bilen, Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginde jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýar.