img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy

photo

Şu gün, 27-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Mejlisde Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy mesele bolup durýar.

Bu resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren başlangyjyna laýyklykda taýýarlanylýar. Şol sammitde türkmen halkynyň Milli Lideri Hazar deňzinde bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin ulgamlaýyn esas döretjek aýratyn bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Bu taslama boýunça gepleşikleriň öňki tapgyrlary kenarýaka döwletleriniň ählisiniň umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Garaşylmagyna görä, häzirki mejlis taslamanyň galan düzgünlerini ylalaşmakda öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer.

Ygtyýarly wekilleriň işi 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda tamamlanar.