TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK AGENTLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory jenap Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan gurnalýan ykdysadyýet we maliýe, bilim, telekeçilik, tebigy gazyny ulanmagyň tehnologiýasy, ulag we logistika, syýahatçylyk ýaly dürli ugurlar boýunça geçirilýän okuwlaryň netijeliligi nygtalyp geçildi.

Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň ähmiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hyzmatdaşlykda olaryň wajyp orun eýeleýändiklerini belläp geçmek bilen Türkmenistandaky durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmak boýunça özara pikir alyşdylar.