Ilçihana tarapyndan “NOYAN TAPAN HIGHLIGHTS” gazetinde makala çapdan çykaryldy

Türkmenistanda döwlet derejesinde gurnalyp geçirilýän möhüm jemgyýetçilik syýasy wakalary, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyny, gadymy medeniýetini, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý taryhymyzy hem-de türkmen halkynyň däp-dessurlary barada bolýan ýurdumyzda giň halk köpçüligine ýaýratmak barada Ilçihana tarapyndan dowamly işler geçirilýär.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň şanly 25 ýyllygynyň Watanymyzda we daşary ýurtlarda belentden dabaralanýan ýylynda we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 5-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda “Aziada-2017” – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Watanymyzyň taryhyna ýene bir uly wakanyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin atly ýörişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň akpatasy bilen badalga berilmegi ýaly halkara çäreler barada Ermenistan Respublikasynda iňlis dilinde çap edilýän “NOYAN TAPAN HIGHLIGHTS” hepdelik gazetinde Ilçihana tarapyndan makala taýýarlanylyp, şu ýylyň iýun aýynda çapdan çykaryldy.

Makalany şu aşakdaky internet salgysynda görüp bilersiňiz:     

http://nt.am/past/htdocs/files/pdfs/highlights_number/original/f84912488.pdf