AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Ýaponiýanyň Hökümetleriniň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Germaniýa halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň, Halkara pul gaznasynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň we halkara institutlarynyň wekilleri geldiler.

Maslahatyň işini gutlag sözleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Prezidenti j-p Takehiko Nakao açdylar.

Soňra karz ylalaşygyna gol çekmek dabarasy boldy.