Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň BILDIRIŞI

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň

BILDIRIŞI

 

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär

Ermenistan Respublikasynyň çäklerinde bolýan ähli Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen №1 belgili  saýlaw uçastogyna ses bermäge çagyrýarys.

2017-nji ýylyň 12-nji fewraly

ýerli wagt bilen 7:00-dan 19:00-a çenli

Şol bir wagtda, türkmen döwletiniň baştutanlygyna dalaşgärleriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen, şeýle hem maksatnamalary bilen Türkmenistanyň resmi saýtlarynda we Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen №1 saýlaw uçastogynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem, Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda Ermenistan Respublikasynyň çäklerinde bolýan Türkmenistanyň raýaty, dürli sebäplere görä, saýlawlar güni bolan, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, resmi ses bermek gününe 10 gün galanda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen №1 belgili saýlaw uçastogynda ses bermek mümkinçiliginiň dörediljekdigini habar berýäris.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 22-10-29 we 22-10-39