Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda sport bäsleşigini gurnady

2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygyna, şeýle hem 2019-njy ýyl «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlap, Ermenistanda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda bouling, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşik gurnaldy. Toparlaryň arasyndaky ýaryşlar Ýerewan şäherinde ýerleşýän «Arena» sport klubynda geçirildi.

Talyplaryň we Ilçihananyň işgärleriniň gatnaşmagynda bolup geçen bäsleşigiň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini belläp geçdi.

Ýaryşlarda birinji orna eýe bolanlara Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan kuboklar we medallar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orna mynasyp bolanlara bolsa, degişlilikde medallar bilen sylaglanyldy.