Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda futbol boýunça bäsleşik gurnady

photo

2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan şäherinde ýerleşýän Rus-Ermeni uniwersitetiniň sport meýdançasynda ýurdumyzda bellenilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygyna, şeýle hem 2019-njy ýyl «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlap, Ermenistanda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol boýunça bäsleşik geçirildi.

Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen futbol boýunça ýaryş Türkmenistanda geçirilýän kopçülikleýin Bedenterbiýe-sagdynlyk we sport çäreleriniň bir aýlygyna bagşylanyp guraldy.

Futbol ýaryşyň ahyrynda birinji orna eýe bolan topara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Türkmeniň myhmansöýerlik däbine laýyklykda dürli tagamlar hödür edildi.