Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Nowruz dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri hökmünde umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde türkmen halky ylhamyň we joşgunyň, ýagşy umytlaryň hem-de hoşniýetli arzuwlaryň gözbaşy bolan bu nurana bahar baýramyna uly sarpa goýýar.

Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralar Milli bahar baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Köpasyrlyk taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, durmuş kadalarymyza we ýörelgelerimize esaslanýan hem-de gadymy bahar baýramynyň gözelligini we ajaýyplygyny açyp görkezýän milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň jebisligini we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmaga, nesillerimizi watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Gözbaşyny adamzadyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan gadymy Nowruz baýramy bu gün halklaryň arasynda özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy we agzybirligi berkitmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Ýer ýüzünde dostluk gatnaşyklaryna, özara ylalaşyga çagyrýan bu halkara bahar baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa Nowruzyň dünýädäki jebisleşdiriji ornuny has-da berkidýär. Gözel ülkämiziň läle-reýhanly, gül-gülälekli ajaýyp künjegi bolan Nowruz ýaýlasynda Halkara Nowruz gününiň — Milli bahar baýramynyň şanyna «Dostluk» ýadygärliginiň bina edilmegi biziň parahatçylyk we dost-doganlyk maksatlaryna ygrarlydygymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Milli bahar baýramy göwünleri, ýürekleri ýakynlaşdyrýar, döredijilikli beýik işlere ruhlandyrýar, jemgyýetde, maşgalada, her bir şahsyýetde ruhy we medeni gymmatlyklara beýik buýsanjy, ynsanperwer duýgulary terbiýeleýär. Milli bahar baýramy täze durmuşyň başlanýandygyny, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar. Tebigatyň ynsan kalbyna uly ruhubelentlik, jümle-jahana diriliş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda keremli türkmen topragyna güneşiň ýyly çogunyň siňmegi bilen, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Merdana halkymyzyň «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Nowruz gelse, buz durmaz» ýaly, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän durmuş ýörelgesinden ugur alnyp, bereketli saçaklarymyzyň elmydama mele-myssyk nandan, tagamlylygy, datlylygy bilen tapawutlanýan ir-iýmişlerden, gök, bakja, ekerançylyk we maldarçylyk önümlerinden, naz-nygmatlardan dolup durmagy, sahawatly topragymyzda öndürilýän hasylyň berekediniň egsilmezligi üçin, täze hasylyň düýbi tutulýar. Milli bahar baýramy diňe bir daýhanlarymyzy we maldarlarymyzy däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda zähmet çekýän mähriban halkymyzy tutanýerli, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri gazanmaga ruhlandyrýar. Başymyzyň täjine deňeýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza hemişe wepaly bolmagy, özbaşdak, erkin, Garaşsyz ýurdumyzyň üstünliklerine hem-de rowaçlyklaryna buýsanmagy ündeýän, şöhratly geçmişimize, şu günümize guwanç, geljegimize beýik ynam döredýän, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam edýän milli baýramlarymyza hormat goýmak biziň esasy maksadymyzdyr.

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi baharyň buşlukçysy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW