PRESS-RELIZ

2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti (ÝDU) bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymgyly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar geçirildi.
Maslahatyň işine Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň wekilleri, Ermenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurlardan institutlarynyň direktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Plenar mejlisi ÝDU-nyň türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýan alyp bardy. Şeýle hem, ÝDU-nyň prorektory, professor Arsen Babajanýan ÝDU-nyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gegam Grigorýanyň maslahata gatnaşyjylara gutlagyny okady, soňra Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi M.Aýazow beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 295 ýyllygy bilen gutlady.
Beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri barada Ermenistanyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Aram Grigorýan gürrüň berdi we çykyşynyň soňunda şahyryň döredijiliginden goşgy okady.
Maslahatda şeýle-de döredijilik işgärlerine ýolbaşçylyk edip agzalan çärä gatnaşmak üçin Türkmenistandan gelen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri Amannepes Şihnepesow hem çykyş etdi.
Aleksandr Safarýan hem öz gezeginde maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmeni-ermeni ylmy we medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan saldamly goşandyny nazara alyp oňa gowşurylan «Magtymguly Pyragy» medaly üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, ÝDU-nyň hormatly doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.
Maslahatyň geçirilmegine we beýik şahyryň 295 ýyllygyna bagyşlanyp ermeni dilini öwrenişiň Ylmy-edebi býulleteniň soraglarynda akademik Aram Simonýanyň we Aleksandr Safarýanyň «Türkmen-ermeni medeni gatnaşyklary we Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasynda ylym-bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada» makalasynyň çap edilendigi barada belledi.
Şahyryň ýubileýi bilen gutlap, şahyryň ene dilinde çykyş eden Türkologiýa kafedrasynyň assistenti Amaliýa Petrosýan öz türkmen mugallymlarynyň kömegi bilen Magtymgulynyň döredijiligini Türkmenistanda öwrenip, şahyryň dili bolan türkmen dilinde söz sözlemegiň onuň üçin uly mertebedigini belledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öňki aspiranty we häzirki wagtda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň mugallymy türkmen-ermeni ylmy gatnaşyklarynyň gelejekde hem täze miweleriniň we Magtymgulynyň döredijiliginiň köp ermeni alymlary üçin gyzyklanmasyna eýe boljakdygyna berk ynamyny aýtdy.
Çykyş edenler watansöýüjiligiň, beýik ynsanperwerligiň idealy we adalatyň üstün çykjakdygy barada sarsmaz ynam Pyragynyň döredijiliginde esasy orun tutup, bu gün bütewilikde, parahatçylykda we döredijilikde ynamly öňe barýan türkmen halkynyň milli aň ýetirişiniň ýokary galmagyna örän wajyp täsirini ýetirendigini bellediler. Magtymgulynyň ýagtylyk we rehimlilik, parasat, bilim we hakykat baradaky dünýäniň ähli halklary üçin gymmatly bolan düşünjeleri öňe sürendigi aýdyldy.
Çykyş edenleriň sözlerinden Magtymgulynyň durmuşyň hakykatyny açyp görkezmek, ýaşaýyşyň esasyna düşünmäge synanyşyklary boýunça döwürdeşlerine we geljekki nesillere goýan gymmatly hazynasy asyrlaryň dowamynda dünýäniň ahli halklary, şol bir wagtda ermeniler tarapyndan goldamaga mynasypdygyny duýmak bolar.
Ermeni şahyr-terjimeçisi Waružan Hastur özüniň Magtymgulyny ermeni diline terjime etmekdäki tejribesi barada gürrüň berdi we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden täze terjimelerini okap berdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen bagşylar topary tarapyndan akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi we çykyşlar diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ilçihanasy Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrligi bilen agşam Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Türkmenistandan gelen bagşy toparynyň we ermeni halk sazlarynyň ýerine ýetirilmeginde bilelikdäki türkmen-ermeni halk sazlarynyň konsertiniň gurnalýandygy habar berildi we gatnaşyjylar konserte çagyryldy.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy
Ýerewan şäheri, 2019-njy ýylyň 26-njy iýuny