Ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, häzirki döwürde halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça guramaçylyk we hukuk babatda amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, şol maslahatyň çäklerinde awiasiýa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, esasy we kömekçi ulag üpjünçilik ulgamlaryna maýa goýumlaryny çekmek, ulaglar ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işler Türkmenistanyň bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän ulgam bolan ulag we logistika babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag düzüminiň binýadyny pugtalandyrmak we transmilli geçelgeler babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderii we möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň howa derwezesi -Aşgabatda bina edilen täze Halkara howa menzili ulanmaga berildi. Bu döwrebap howa menzili yklym we yklymara howa ýollarynda iri ulag merkezine öwrüler.

Häzirki döwürde Turkmenistan özüniň ulag-logistika hyzmatlaryny teklip edip, dünýä bazaryna ynamly çykýar. Bu teklipler möhüm ähmiýete eye bolup, uly islegden peýdalanýar. 2016-njy ýylyň başynda hereket edip başlan täze halkara gatnawy -Hytaý-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça gatnaýan otly gatnawy hem bu aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Eziz Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek boýunça yzygiderii işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işlere halkara guramalary tarapyndan mynasyp baha berilýär.

Türkmenistanyň ulag we logistika babatda dünýäde eýeleýän ornuna baha bermäge mümkinçilik döretjek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitlemäge ýardam berer diýip pikir edýärin.

Hazaryň türkmen kenarynda guralýan maslahatyň dünýä döwletleriniň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Sizi ýene-de bir gezek Ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!