Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler iki goňşy ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygynyň hem-de uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatdaşlygyň esasyny dostluk gatnaşyklary, özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri düzýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň çakylygy boýunça doganlyk Özbegistandan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin çagalaryň uly toparynyň gelmegi hem türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr. Ozal habar berlişi ýaly, “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýerleşen biziň ýaş myhmanlarymyz üçin özüne dürli gyzykly çäreleri birleşdirýän medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Düýn Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň dürli sebitlerinden gelen çagalar bilen duşuşdy, “Awazanyň” olarda galdyran täsirleri bilen gyzyklandy. Ýaş özbegistanlylaryň aýtmagyna görä, Hazaryň kenarynda dynç almak olar üçin ajaýyp sowgat boldy. Olar bu ajaýyp döwri hem-de özleriniň türkmen deň-duşlary bilen duşuşyklaryny hiç wagt ýatlaryndan çykarmaz.

Irden Özbegistan Respublikasynyň Baştutany sapar döwründe özi üçin niýetlenen kabulhanadan “Awaza” Kongresler merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylaýar.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, Kongresler merkeziniň eýwanyna barýarlar, şol ýerde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen ikiçäk görnüşde gepleşikleriň geçiriljek ýerine bardylar.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Özbegistanyň Baştutanyny türkmen topragynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kabul etmäge şatdygyny aýtdy.

Hazaryň türkmen kenarynda döredilen döwrebap deňiz şypahanasynyň köpugurly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, häzirki wagtda bu ýerde özbek çagalarynyň hem dynç alýandygyny bellän Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, özbek dostlaryny Awaza gelip görmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün ýurdumyzyň bu sebitinde ulag düzümi işjeň ösdürilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan çäreler ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine, ýük akymlarynyň möçberleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de artdyrylmagyna gönükdirilendir, munuň özi türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berer, ep-esli ykdysady peýda getirer.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki şu duşuşyk dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösmeginiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol gatnaşyklar bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň uzakmöhletleýin strategiki geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hem hoşallyk sözlerini beýan etdi. Awaza özüniň täsin binagärlik keşbi, halkara ülňülere laýyklykda edilýän hyzmatyň derejesi bilen haýran galdyrýar.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany türkmen kärdeşine ýaş özbegistanlylaryň dynç almagy üçin döredilen ajaýyp şertler üçin hem hoşallyk bildirdi. Olar häzirki wagtda myhmansöýer “Awazada” uly şatlyk duýgusy bilen dynç alýarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegini düzýän ulag geçelgeleriniň döredilmegine goşýan goşandyny aýratyn nygtady, munuň özi iki ýurduň mundan beýläk-de ykdysady ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda belent mertebeli myhman şeýle hem Özbegistanyň Hazar deňziniň kenarynda gurulýan täze iň häzirkizaman Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny geljekde peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Özara düşünişmek we ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda özbek Lideriniň şu ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan döwlet saparynyň barşynda gol çekilen resminamalarda berkidilen ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň netijeli syýasy gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny bellediler. Munuň özi netijeli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary giňeltmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, özbek hyzmatdaşlarymyza Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki şu günki duşuşygyň gün tertibine syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeni-ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary hil derejesine çykarylmagyna, olaryň täze möhüm many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berýän resminamalaryň uly toplumy gol çekilmegine taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Deňhukuklylyk, özara hormat, açyklyk we ynam, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigine özara düşünişmek bu gatnaşyklaryň aýratyn tarapydyp.

Biz özara gatnaşyklarymyzda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy, dil, medeni, ahlak we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, sebit we ählumumy ösüşiň meýillerine we wehimlerine mynasyp jogap bermek üçin ýygjam hyzmatdaşlygy hem-de tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän häzirki döwrüň ýagdaýlaryna düşünmek ýörelgelerine daýanýarys.

Türkmenistan bilen Özbegistan ählumumy parahatçylygy saklamak hem-de pugtalandyrmak we durnuklylyk, halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, ýaragsyzlanmak meseleleri, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bitewi garaýyşlara eýedirler. Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara we sebit düzümlerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Biz halkara giňişlikdäki işlerimizi özara utgaşdyrýarys, birek-biregi goldaýarys, munuň özi oňyn netijelerini berýär, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlaryň barşyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn bähbitlere, dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça uzakmöhletli maksatlaryna laýyk gelýär. Bu hyzmatdaşlyk dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan bilen Özbegistan özbaşdak daşary syýasaty geçirýärler, birek-biregiň daşary syýasat meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny we maksatlaryny, olary durmuşa geçirmegiň usullaryny we gurallaryny saýlap almakda özygtyýarly hukugyna hormat goýýarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyz sebitde bolup geçýän ýagdaýlaryň oňyn ösüşine ýardam bermekde, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, bu sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň kemala gelmegine ýardam bermekde bir bitewi garaýyşlara eýedir.

Owganystandaky ýagdaýa uly üns berilýär. Häzirki wagtda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň tiz depginler bilen dikeldilmegi, bu ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy örän zerurdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny bellemek gerek, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine girişildi. Türkmenistanda täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi hasaba alnanda, biz Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga taýýar. Bu taslamalaryň ählisi Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir eder, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň gaýtadan dikeldilmeginde, parahatçylykly, döredijilikli durmuşyň berkarar bolmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Merkezi Aziýadaky suw-energetika meseleleri biziň gatnaşyklarymyzda uly orun eýeleýär. Bu meselelere garamak hem-de olaryň çözgüdini tapmak işlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, özara hormat goýmak hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak we ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygynda ekologiýa meseleleri boýunça gatnaşyklar aýratyn möhümdir. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasy Araly halas etmek boýunça Halkara gaznanyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýärler. Türkmenistan bu gaznada başlyklyk ediji ýurt hökmünde degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady, onda azga döwletleriň bilelikdäki işleriniň ileri tutulýan meýilnamalary beýan edilýär. Bu meselede Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga umyt edýäris.

Köpugurly döwletara gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy orny eýeleýär. Bu babatda taraplar hakyky mümkinçiliklere hem-de iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli serişdelere eýedir. Şunda iki tarapyň hem bu meselä täze nukdaýnazardan çemeleşmeleri talap edilýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnama we özara haryt ibermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamalaryň ähli kadalarynyň anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Energetika türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategiki ugry bolup durýar. Bu babatda iki ýurduň arasynda eýýäm hyzmatdaşlygyň özara bähbitli mysaly bardyr. Munuň özi 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistandan Hytaýa çenli gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegidir, onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy biziň ýurtlarymyzyň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynda hem-de ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 7-nji martynda Türkmenabat we Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bu iri desgalar biziň sebitimiziň tutuş Aziýa yklymynyň ulag ulgamyny birleşdirýän möhüm merkezi hökmündäki mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen, Türkmenistan bilen Özbegistan tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň aýdyň netijeleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu babatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi ýer ýüzüniň bu böleginde kemala gelýän XXI asyryň ykdysady keşbine sazlaşykly utgaşýar.

Şeýlelikde, ulag pudagynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde Merkezi Aziýany we goňşy sebitleri ösdürmegiň täsirli gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini, üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň we Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň, iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigini belläp, bu ugurda gadymdan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bardygyny nygtady. Ol ygtybarly hukuk binýadyna we toplanylan oňyn tejribä daýanýar. Biziň ýurtlarymyzyň döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, dürli festiwallar we forumlar yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. Soňky döwrüň uly ähmiýetli medeni çäreleriniň hatarynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Daşkent we Buhara şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, şu ýylyň aprel aýynda Özbegistanda türkmen kinosynyň günleriniň geçirilendigini görkezmek bolar. Mundan başga-da 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda biziň ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ylmy ugur boýunça hyzmatdaşlyk üçin, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda uly mümkinçilikler açylýar. Biz geljekde hem bu ugurlarda gatnaşyklary dowam ederis. Birek-biregiň taryhyna, medeniýetine, sungatyna bildirilýän uly gyzyklanmany höweslendireris, bu gatnaşyklar Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň arasynda gadymdan gelýän ýörelgedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky ýyllarda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Türkmen we özbek türgenleri ýurtlaryň ikisinde geçirilýän ýaryşlara hem işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu iri ýaryşlara Özbegistanyň wekilçilikli toparynyň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Iki halkyň ruhy baýlygynyň, belent intellektual mümkinçilikleriniň olaryň özara baýlaşmagy, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin çäksiz giňişlikleri açjakdyklaryna ynanýaryn. Bu ýakymly mümkinçilik köp babatda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hakykatdan-da, nusgalyk derejä eýedigini aýtmak bolar. Biziň gatnaşyklarymyz iki doganlyk halkyň, hoşniýetli goňşularyň, biri-birine belent baha berýän hem-de sarpa goýýan halklaryň gatnaşygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özbek kärdeşine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň, geçirilen netijeli gepleşikleriň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we halkyň gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir möhüm sepgit boljakdygyny nygtap, özbek kärdeşlerimize we hyzmatdaşlarymyza geçirilen işler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meselelerini gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga oňyn çemeleşmeleri hem-de taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Özbegistanyň Baştutany Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de özbek wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Şunda halkara giňişlikde biri-birine goldaw berýän hem-de dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň meňzeşdigini görkezýän iki döwletiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty aýratyn bellenildi. Şol çemeleşmeler ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen baglydyr. Taraplaryň birmeňzeş garaýşy boýunça sebitde goşulyşmagy ösdürmek Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy has-da pugtalandyrmagyň, okgunly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýew özbek tarapynyň netijeli gatnaşyklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, senagat pudagy ýaly, geljegi uly ugurlarda gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary netijeli amala aşyrmagyň, şol sanda şu ýylyň martynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem maýa goýum işjeňligini, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Iki ýurduň amatly geografik ýagdaýyny hem-de bar bolan üstaşyr mümkinçilikleri nazara alanyňda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Möhüm düzüm desgalarynyň — Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi bu ulgamda möhüm waka boldy. Bellenilişi ýaly, Özbegistan sebit we halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary goldaýar.

Özbegistanyň Baştutany ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek barada pikirini aýdyp, munuň asyrlaryň dowamynda döredilen medeni we ruhy däpleriň baýlaşmagyna, biziň goňşy halklarymyzy birleşdirýän hakyky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini belledi. Syýahatçylyk ulgamynda hem özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu ulgamda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özbek hyzmatdaşlary üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, 18-nji maýda Türkmenistanda Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilen güni Özbegistanyň paýtagtynda görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ady dakylan köçede onuň hormatyna ýadygärligiň dabaraly ýagdaýda açylandygyny habar berdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, Daşkentde “Aşgabat” seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär. Ol iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, olaryň paýtagtlaryny indiden beýläk doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrar. Goňşy döwletiň baştutany sözüniň ahyrynda şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda özbek çagalarynyň dynç alýandygyny belläp, öz nobatynda ýaş türkmenistanlylary Özbegistana gelip görmäge çagyrdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň jemleriniň hem-de gol çekiljek resminamalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ylalaşyga; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkentiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimliginiň (Türkmenistan) we Daşkent şäheriniň häkimiýetiniň (Özbegistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özbek türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyny guramak hakynda Teswirnama; “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen «Uzbekiston hawo ýullari» milli awiakompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewe, özbek wekiliýetiniň ähli agzalaryna özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda we ugurlarda biziň türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ygrarlydygymyz ýene bir gezek tassyklanyldy diýip, milli Liderimiz belledi. Şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna, şol sanda sebit we halkara syýasata, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklara degişli meselelere garaldy.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Merkezi Aziýada hem, tutuş sebitde hem parahatçylykly we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen berk we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler diýip belledi.

Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalary — Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we köp sanly beýleki guramalaryň çäklerinde bilelikde hereket edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz möhüm sebit we dünýä meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň ýakynlygyny ýa-da gabat gelýändigini aýdyp, ähli dawalaryň diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy-diplomatik çäreleriň çäklerinde çözülmelidigi baradaky Türkmenistanyň we Özbegistanyň üýtgewsiz garaýyşlarynyň hem öz beýanyny tapýandygyny belledi.

Şeýle hem şu gün Owganystandaky ýagdaý baradaky meselelere garalandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň goňşy döwletde parahatçylyk döredijilikli işleriň geçirilmegi, Owganystanyň sebit we halkara ykdysady işlere netijeli goşulyşmagy ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Owganystana kömek bermegiň nusgalyk mysallary hökmünde goňşy ýurda elektroenergiýanyň iberilmegini, demir ýollaryň gurulmagyny, beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini mysal getirdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Ol goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda möhüm orun eýelär. Bu iri halkara taslamana gatnaşmaga Özbegistan hem gyzyklanma bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şeýle hem gepleşikleriň gün tertibine ekologiýa degişli meseleleriň girizilendigini habar berdi. Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny öz üstüne almak bilen, AHHG agza ýurtlardan hyzmatdaşlar bilen bilelikde degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady, onda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşlerine bu ugurda işleri bilelikde durmuşa geçirmäge beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem şu gün gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin haryt dolanyşygyny giňeltmek barada Ylalaşyga gol çekilmegi guwançly ýagdaýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem degişli ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hökümetara topara uly ornuň degişlidigi ýene bir gezek bellenildi. Bu ugurda taraplar uly mümkinçiliklere eýedirler.

Bulardan başga-da duşuşygyň barşynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly, ähmiýetli meseleler gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolup durýan Türkmenistan hem, Özbegistan hem energiýa akymlarynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýärler diýip belledi. Şunda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň bilelikde amala aşyrylmagy aýdyň mysal bolup durýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, özbek kärdeşleriniň TOPH taslamasyna gatnaşmagy üçin mümkinçilikler bar. Biz özbek kärdeşlerimizi biziň bilelikdäki umumy taslamalarymyzy amala aşyrmaga çagyrýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi barada aýdylanda, munda logistika düzümine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýakynda, mart aýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki döwleti birleşdirýän Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegini mysal getirdi. Gysga döwrüň içinde bu köpriniň üstünden geçýän ýük akymlarynyň 2,5 essä golaý artandygyny bellemek ýakymlydyr.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berildi, munuň özi biziň halklarymyzy birleşdirýän gadymdan gelýän däp-dessurlaryň umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar dürli çäreleriň – festiwallaryň, sergileriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi bilen baýlaşdyrylýar. Şeýle hem bilim we ylym ugurlary boýunça gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şu günki duşuşygyň örän uly dikeldiş mümkinçiliklerine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýändigini belledi. Häzirki wagtda bu ýerde şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk düzümleri işjeň ösdürilýär. “Awaza” iri işewürlik, medeni we sport merkezine öwrülýär. Şeýlelikde, biziň halklarymyzyň bähbidine peýdalanyp boljak zerur maddy-tehniki binýat döredildi.

Sport barada aýdylanda bolsa, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 17-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatynda biziň türgenlerimiziň arasynda tejribe alyşmak boýunça mümkinçilikleriň herekete girizilmegi möhüm bolup durýar.

Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň töwereklerinde Mollagara, Garşy ýaly, dünýäde deňi-taýy bolmadyk örän ajaýyp şypahana künjekleri ýerleşýär, olar dürli keselleri bejermek hem-de olaryň öňüni almak üçin zerur şertlere eýedirler.

Şol sebäpli hem Özbegistandan bu künjege çagalaryň gelendigi begendirýär, olar dynç alýarlar hem-de Hazaryň kenarynda wagtlaryny şadyýan geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz ähli özbek doganlarymyzy ýene-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelip görmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu gezekki gepleşikleriň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin, strategiki häsiýetine eýedigini hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli döredijilikli ösüşe gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda, pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy hem-de bitiren hyzmatlary üçin çuňňur hoşallygyny aýdyp, Özbegistanyň doganlyk halkyna abadançylyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutany öz nobatynda özara düşünişmek we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, sebit we halkara meseleleriň aglabasy boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň barşynda tagallalary we özara goldawy, ozaly bilen bolsa BMG-niň, GDA-nyň, YHG-niň çäklerinde hereketleri özara goldamak meselelerini utgaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan täze ugurlaryny kesgitlemek babatda Hökümetara toparyň işine aýratyn üns berildi. Belent mertebeli myhman hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň artýan depginlerini kanagatlanma bilen belläp, 7-nji martda Amyderýanyň üstünden geçýän iki köpriniň – Özbegistan üçin ähmiýeti uly bolan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegine ünsi çekdi. Bu dostluk köprüleri bolup, olaryň ulanmaga berilmegi bilen ýük gatnawlarynyň möçberiniň 2,5 esse artmagy olaryň ykdysady taýdan möhümdigini görkezýär.

Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew örän uly TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna özbek tarapynyň hem gatnaşmagy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa teklip bilen ýüzlenendigini habar berdi. Şunuň bilen birlikde, Özbegistanyň Baştutany nebitgaz ulgamynda we elektroenergetika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Belent mertebeli myhman Owganystandaky ýagdaý barada durup geçmek bilen, ýurtlaryň ikisiniň hem goňşy döwletdäki ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak wezipelerini goldaýandygyny, onuň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça geljekde hem anyk çäreleri görmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Araly halas etmek boýunça gaznanyň çäklerinde özara gatnaşyklara netijeli çemeleşmesi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk bildirmek bilen, Özbegistanyň Baştutany taraplaryň ähli döwletleriň bähbitlerini hasaba almak bilen, sebit möçberindäki meseleleriň çözgüdini tapmak, goldamak barada bir pikire gelendigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, pursatdan peýdalanyp, dostlukly türkmen halkyny Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen mähirli gutlandygyny hem-de 18-nji maýda bu baýramçylygyň Özbegistanda hem bellenilendigini aýtdy. Daşkendiň merkezindäki köçeleriň birine Magtymgulynyň ady dakyldy hem-de beýik akyldaryň keşbi şekillendirilen ýadygärlik açyldy.

Şu gün Daşkent we Aşgabat şäherleriniň doganlaşmagy baradaky resminama gol çekilmegi Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ýylsaýyn berkeýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, Daşkendiň merkezinde, Magtymguly köçesiniň golaýynda “Aşgabat” seýilgähini döretmegi teklip edendigini habar berdi. Türkmenistanyň Baştutany bu teklibi goldap, taslamany bilelikde durmuşa geçirmek pikirini beýan etdi. Bu seýilgäh iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gadymdan gözbaş alýan dostluk däpleriniň beýanyna öwrüler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmäge döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hazaryň kenarynda emele gelen dünýä derejesindäki dynç alyş zolagyna haýran galandygyny aýtdy. Ony döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Baştutanyna özbek tarapynyň bu ägirt uly taslamany amala aşyrmaga gatnaşmagy baradaky teklibi üçin hoşallyk bildirdi.

Özbegistanyň Baştutany habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, düýn bu ýerde özbegistanly çagalar bilen duşuşandygyny belledi. Olaryň ýüzündäki şatlyk alamatlaryny, buýsanjyny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar diýip bellemek bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşine “Awazada” özbek çagalary üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin, ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli syýahatçylyk zolagyny Hazaryň kenarynda el bilen döredilen täsinlik diýip atlandyrmak bolar diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistana iş saparynyň möhümdigi we netijeli bolandygyny aýtmak bilen, goňşy döwletiň Prezidenti taraplaryň erk-islegi netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belledi.

Belent mertebeli myhman bilelikde netijeli işlemek üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, özbek halkynyň adyndan Türkmenistanyň dostlukly we doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Goňşy ýurtda dostlukly Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny we buýsanýandyklaryny belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistana gelmäge çagyrdy.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri resmi däl ýagdaýda söhbetdeşligi dowam etdirdiler. Iki ýurduň Liderleri welosipedlere münüp, deňiz duralgasyna tarap ugradylar we ýol ugrunda Awazanyň ajaýyp ýerlerini synladylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýyl Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edildi. Halkyň abadançylygy hem-de her bir raýatyň mümkinçiligini açmak ýaly esasy düşünjeleri özünde jemleýän bu şygar döwlet Baştutanymyzyň milletiň sagdynlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere laýyk gelýän sport düzümini kemala getirmek, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgesini berkitmek işinde gazanýan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Şu babatda döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz özüniň göreldesi bilen türkmenistanlylary bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri deňiz duralgasyna gelip, “Galkynyş” gämisine çykdylar we Hazaryň kenarynyň ugry boýunça deňizde gezelenç etdiler.

Deňiz tolkunlaryny böwsüp öňe barýan gämiden ýurdumyzyň “şypahana merjeniniň” ajaýyp görnüşi açylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýylsaýyn özüniň çäklerini giňeldip, ýurdumyzda meşhurlykdan peýdalanýar we daşary ýurtlarda ägirt uly gyzyklanma döredip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli taslamasynyň geljeginiň uludygyna hem-de üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Hazaryň kenar ýakasynyň amatly howa şertleri we baý dynç alyş kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalara we innowasiýalara, öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikire ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmäge täzeçe çemeleşilmegi Awazanyň halkara syýahatçylygyň we şypahana dynç alşynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy. Deňziň kenarynda halkara ülňülere laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň tutuş toplumy peýda boldy. Bu desgalaryň her biri bezeg babatda täsin we özboluşly çözgüdi bilen tapawutlanýar. Olarda binagärligiň häzirki zaman ýörelgeleri hem-de milli binagärligiň ajaýyp däp-dessurlary sazlaşýar. Bu ýerde türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Ýylyň tutuş dowamynda Awazada hyzmatlaryň ýokary derejesi hem-de gyzykly dynç alyş kepillendirilýär. Medeni-dynç alyş, sport we sagaldyş-bejeriş merkezleri bar.

Türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi halkymyzyň buýsanjy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de myhmansöýerlik däpleriniň beýany bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, şu günler “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Awaza Özbegistandan gelen çagalaryň uly topary dynç alýar. Olar türkmen deň-duşlary bilen bilelikde dynç alyş merkeziniň deňinden geçip barýan ak gar ýaly gäminiň üstündäki dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryny uly joşgun, şatlyk duýgulary bilen mübäreklediler.

Uzynlygy 7 kilometre barabar bolan Awaza derýasy Milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyplyklarynyň biridir. Derýanyň awtomobil we pyýada ýolagçylar üçin niýetlenen köprüler bilen baglaşdyrylan täsin kenarlarynda oňaýly garbanyşhanaly hem-de restoranly, gezelenç etmek üçin niýetlenen gämileriň duralgalary, pyýada we welosiped ýodajyklary ýerleşýär. “Awazanyň” çägi boýunça uzalyp gidýän derýada gyzykly gezelençler bu ýere dynç almaga gelýänleriň ählisiniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Elbetde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz bilen bagly özboluşlylygy sportuň suw görnüşleri, hususan-da, windsýörfing, sýörfing, ýelkenli sport, baýdarkalarda we kanoýede küreklemek we beýlekiler bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. “Ýelken” we “Tolkun” ýaht-klublary bu babatda dynç alýanlara giň mümkinçilikleri döredýär.

Landşaft we seýilgäh-bag bezegi ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de iň gowy tejribesiniň esasynda tokaý zolaklaryny döretmäge aýratyn üns berilýär. Eýýäm häzirden pürli we beýleki agaçlaryň onlarça müňüsi oturdylan şypahana zolagy bagy-bossanlyga bürenýär. Munuň özi deňziň jana şypaly arassa howasy bilen birlikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda has oňaýly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerini kepillendirýär.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynyň forumlaryň, döredijilik festiwallarynyň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemelidiris. Bular barada aýtmak bilen, ajaýyp desganyň – Kongresler merkeziniň ähmiýetini nygtamalydyrys. Bu ýerde dürli derejedäki işewürlik gepleşiklerini we duşuşyklary guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şol bir wagtyň özünde degişli ulag-aragatnaşyk hem-de inžener-tehniki düzümi döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar – Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara howa menzili, awtomobil ýollary, kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny süýjetmek üçin niýetlenen zawod guruldy, täze deňiz portunyň gurluşygy hem güýçli depginde alnyp barylýar.

Hazaryň kenarynda peýda bolan täze desgalara syn etmek bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly ösüşine haýran galýandygyny aýtdy. Bu syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň nyşany bolup durýar. Özbek Lideri Türkmenistanyň köpugurly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek bu giň möçberli taslamanyň toplumlaýyn häsiýetine hem-de uly geljegine ýokary baha berdi.

“Galkynyş” gämisi ýüzüşini dowam edip, yza tarap öwrüm edýär we biraz wagtdan soň, kenardaky gämi duralgasyna gelip saklanýar.

Iki döwletiň Baştutanlary Milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşlyk gezelenjini dowam edip, myhmanlara hem-de dynç alýanlara täsin awtoulaglary, elektromobilleri, atlara goşulan paýtunlary we beýlekileri hödürleýän ýörite şypahana seýilgähiniň hyzmatyndan peýdalandylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri paýtunda şu ýylyň aprel aýynda açylan “Awaza” sport toplumyna tarap ugradylar. Bu sport toplumynyň açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk gününe hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan “Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresine gabatlanyldy.

Deňiz şypahanasynyň düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap sport toplumy türkmen türgenleri üçin köpugurly okuw-türgenleşik merkezine, türgenleriň hem-de ýygyndy toparlaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlygy üçin ygtybarly binýada öwrüler. Mundan başga-da bu ýerde iň ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirmek bolar. Munuň özi hem eziz Watanymyzyň sport dünýäsindäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder.

Sözüň doly manysynda, bu 28,5 gektar meýdanda ýerleşýän tutuş “sport şäherjigidir”. Sport merkeziniň düzümine halkara ülňülere laýyk gelýän desgalaryň 7-si girýär. Olaryň enjamlaşdyrylyşyna dünýäniň iň gowy sport enjamlaryny öndürijiler gatnaşdylar. Olaryň önümleri Olimpiýa oýunlaryny, dünýäniň, Ýewropanyň we Aziýanyň çempionatlaryny geçirmekde ulanyldy. Şol enjamlaryň hatarynda Germaniýadan, Niderlandlardan, ABŞ-dan, Finlýandiýadan, Şwesiýadan getirilen önümler hem bar.

Bu ýerde uly sport zaly hem bar. Şol ýerde kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis (ping-pong), gandbol, woleýbol oýnap bolýar, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar. Şeýle hem toplumda hokkeý oýnamak hem-de figuralaýyn typmak üçin niýetlenen meýdançaly Buzly köşk, sportuň suw görnüşleri üçin üç gatly merkez bar. Merkezde birnäçe suwda ýüzülýän howuzlar, şol sanda olimpiýa howzy, waterpol oýnamak, belentliklerden bökmek üçin niýetlenen howuzlar ýerleşýär.

Başa-baş söweş sungaty binasynda uly meýdança bar. Şol ýerde birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, sambo, jiu-jitsu, göreş, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar. Taslamada boksçular üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi göz öňünde tutuldy. Bu ýerde döwrebap trenažýorlar ornaşdyryldy. Olar ussat we höwesjeň türgenleriň ähli toparlary, dürli ýaşdaky adamlar üçin netijeli türgenleşikleriň geçirilmegini üpjün edýär.

Mundan başga-da, iş otaglaryny birleşdirýän edara binasy, 150 orunlyk maslahatlar zaly, 200 orunlyk naharhana, tennis, woleýbol hem-de kiçi futbol oýnamak üçin niýetlenen açyk sport meýdançalary, şeýle hem inžener-tehniki düzümiň desgalary, 250 orunlyk awtoduralga guruldy.

Toplumyň döwrebap binagärligi, onuň daşky görnüşi, desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, sport merkeziniň içki bezeg aýratynlyklary, türgenler, tälimçiler we janköýerler üçin döredilen ýörite düzümler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ähli binalarda oňaýly geýim çalşyrylýan, dynç alynýan, lukmançylyk we owkalama otaglary, sauna, türk hammamy, çaýhana, bilýard oýnalýan ýer, bouling, tennis, sport serişdelerini saklamaga niýetlenen otaglar bar. Merkez emin üçin hasaplaýyş ulgamy, maglumat tablosy, göni tele we radio gepleşikleri guramak üçin ýörite enjamlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, terjimeçileriň işi üçin niýetlenen serişdeler bilen üpjün edildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toplumy synlap, ýurdumyzda gurlan täze sport toplumlarynyň tehniki üpjünçiliginiň ýokary derejesine haýran galýandygyny aýtdy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, bularyň ählisi sport ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge hem-de höweslendirmäge ugur alyp, şu geçen ýyllaryň dowamynda yzygiderli we giň möçberli işleri amala aşyrýandygyny belledi. 2011 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek baradaky milli maksatnama kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamak işler alnyp barylýar, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, köpugurly stadionlary, ýörite sport okuw mekdepleriniň binalaryny we beýleki möhüm sport desgalaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat özüniň anyk netijelerini berýär – türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar.

Iki ýurduň Liderleri sport toplumyndan çykyp, bir awtoulagda Özbegistanyň Prezidentiniň kabulhanasyna tarap ugradylar, bu ýerde olar mähirli hoşlaşdylar hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew biziň ýurdumyza iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden Türkmenistandan ugrady.