TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNA BAGYŞLAP DABARALY KABUL EDIŞLIK

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäheriniň merkezinde ýerleşen “Grand” haşam myhmanhanasynyň gyşky bagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlap ýokary derejeli kabul edilşik boldy. Şanly baýramçylygy bilen gutlamak üçin Ermenistan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Wise-spikeri Wage Enfiajýan we deputatlar, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Zarui Batoýan, Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň wekilleri we ministrlikleriniň orunbasarlary hem-de beýleki ministrlikleri we edara kärhanalary, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň diplomatlary we Ermenistan Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri hem-de telekeçiler, alymlar, medeniýetiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri agşamlyk baýramçylygyna ýygnanyşdylar.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistan 28 ýyl mundan öň Garaşsyzlygy yglan etmek bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti esaslandyrdy we bu garaşsyzlyk özüniň agzybirligi we jebisligi, watana wepalylygy, parahatçylyk söýüjiligi bilen türkmen halkynyň ýokary mertebesini bütin dünýä tanatdy. Türkmenistanyň Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir” atly şygary astynda Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, esasan hem bütin dünýäde we her bir öýde parahatçylygy, agzybirligi we abadançylygy saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar diýip çykyş etdi.
Dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň ösmegi netijesinde, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi we dostluk gatnaşyklaryny şeýle hem türkmen-ermeni gatnaşyklaryny öňe sürýär. Häzirki wagtda iki döwletler arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy diňe bir iki taraplaýyn gatnaşyk bilen çäklenmän, eýsem halkara derejesinde halkara guramalaryň özara goldawy we teklipleri öňe sürülýär diýip Ilçi öz çykyşynda belläp geçdi.
Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Şawarş Koçarýan Türkmenistan Ermenistanyň möhüm hyzmatdaşydygyny we baý taryhy gatnaşyklary bardygyny öz çykyşynda belledi. Iki döwletiň arasyndaky ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar bolup bu gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça berkitmekligi talap edýär. Biziň ýurdumyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary şeýle hem medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär diýip Ermeni diplomaty çykyşynda nygtap geçdi. Iki döwletiň halklaryň arasyndaky birek-birege bolan ynam, hormat we dostlukly gatnaşyklar mundan beýläk hem ösmegine we has hem berkemegine umyt edýärin diýip Ministriň orunbasary Koçarýan çykyşyny soňlady.
Dabaraly kabul edişlige gelen myhmanlara türkmen milli tagamlary bilen hödürlenildi.