Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman özi üçin niýetlenen kabulhanadan “Oguzhan” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, köşgüň eýwanyna tarap ugradylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we BMG-niň Baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiziň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda giňişleýin düzümde, iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp we ýurdumyza gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilmegi babatda BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG bilen giň möçberli hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň üýtgewsiz strategik ugry bolup durýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkarar etmekde hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň birnäçesiniň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary hemişelik esasda işleýärler. Bilelikdäki iri maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Olar ýurdumyza ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly we beýleki strategik ugurlar durýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netije babatda meňzeş ýörelgeler hem-de garaýyşlar esasynda alnyp barylýar.

2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahat geçirildi. Onuň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasy bu ugurda BMG-ä agza döwletleriň bilelikdäki geljekki hereketleri üçin esasy ýörelgeleri kesgitledi. Bu ulgam Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şol sebäpli hem Türkmenistanyň garaýyşlary ählumumy ulag hyzmatdaşlygyna yzygiderli we maksada okgunly häsiýet berilmeginiň zerurlygyna esaslanýar.

Biziň ýurdumyz bu ugur boýunça, hususan-da, BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmekde BMG bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr, bu maksatnamada Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem Aşgabat Jarnamasynyň kadalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Owganystandaky syýasy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy hem möhüm mesele bolup galýar. Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

2017—2019-njy ýyllar üçin biziň ýurdumyz Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmek wezipesini kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we häzirki wagtda Aral deňzi boýunça degişli Maksatnamanyň üç tapgyrynyň ýerine ýetirilendigini we onuň dördünji tapgyrynyň üstünde işlenilýändigini belledi.

Şonuň bilen bir wagtda, häzirki wagtda bu işe anyk, halkara toplumlaýyn çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy talap edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aral üçin BMG-niň Ýörite Maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Onda bu sebitde ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalaryň göz öňünde tutulmagy maksada laýyk bolardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisleriniň birinde şeýle maksatnamany döretmek baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz, tiz wagtda, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Bu oýunlar mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejede geçirilýän ilkinji ýaryşlar bolar. Bu bäsleşiklere Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň hem ilkinji gezek gatnaşýandygy oýunlaryň aýratynlygydyr.

Biz bu ýaryşlara diňe bir sport babatda däl, eýsem, jemgyýetçilik-syýasy babatda hem uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde sport adamlaryň özara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi, döwletleriň we halklaryň, dürli dinlere ynanýan adamlaryň arasynda özara düşünişmegiň we ylalaşmagyň guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda täze ugur bolan sport ulgamyndaky giň möçberli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň başlangyç tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmany we BMG-niň wekillerini şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziada — 2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça alyp barýan işlerini yzygiderli we maksatnamalaýyn esasda dowam eder. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän giňdir. Ýyl-ýyldan geljegi uly täze ugurlar döreýär diýip, milli Liderimiz nygtady we BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana şu saparynyň munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra belent mertebeli myhman BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezine bardy we şol ýerde onuň işgärleri bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman şu geçen ýyllaryň dowamynda merkeziň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem bu möhüm ugurda we beýleki ileri tutulýan ulgamlarda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.