TÜRKMENISTAN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝETI WE DÄP DESSURLARY BILEN TANYŞAR

Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet, we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti dostlukly döwletiň medeniýet günlerini geçirmek üçin 5-7-nji noýabrynda Türkmenistanda saparda bolarlar.
Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde – amaly-haşam eserleriniň we şekillendiriş sungatynyň sergisi, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen Ermenistanyň Terýan medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň döredijilikli duşuşygy we Ermeni kinofilmleriniň görkezilşi bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ynsanperwer ulgamynda berkeýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn Medeniýet günlerini geçirmek we iki ýurduň arasyndaky festiwallary, halkara maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek kadaly tejribä öwrülýär.