ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHATLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi.

Bu maslahatlara ýurdumyzda işleýän käbir diplomatik missiýalarynyň, konsullyk edaralaynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hakimlikleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň welaýatlardaky wekilhanalarynyň işgärleri, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatlarda çykyş edenler hemişelik Bitaraplygyň ähmiýetini nygtap geçip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagy bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynda daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary yzygiderli berkitmek hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýola goýlan işler barada aýtdylar.

Şeýle hem, Milli Liderimiziň döwletimiziň bitaraplyk syýasatyna eýerip, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak we özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan görnükli işleri barada giňişleýin belläp geçdiler we hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.