TÄZE SAÝTA GYZYKLANMA ARTÝAR

Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň www.neutrality.gov.tm internet saýty öz işine başlady. Saýtyň esasy maksady ýokary derejeli halkara maslahatyň işi we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli çäreler barada maglumatlary beýan etmekden ybaratdyr. Täze internet saýty işe girizilen dessine daşary ýurtlaryň iri habarlar gulluklarynyň, internet neşirleriniň resmi sahypalarynda onuň salgylanmasynyň, nyşanynyň ýerleşdirilmegi türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň dünýä jemgyýetçiliginde eýýämden uly gyzyklanma eýe bolýandygyny tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilýän islendik waka hakyndaky maglumatlar bilen dessin tanyşmaga hem-de internet çeşmeleri arkaly köpçülige ýetirmäge uly mümkinçilikdir. Indi köp ýyllardan bäri Türkmenistan hakyndaky maglumatlary daşary ýurtlulara ýetirmekde aýratyn işjeňlik görkezýän GDA-nyň «SNG.Today», Russiýanyň «Turkmenistan.ru», Pakistanyň «News Central Asia», Azerbaýjanyň «Trend», Türkiýäniň «Atavatan Türkmenistan», Gruziýanyň «Georgia News Day», Ermenistanyň «ArmInfo» ýaly habarlar gulluklarynyň we internet neşirleriniň, şeýle-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň resmi saýtlarynda hut häzirki günlerden www.neutrality.gov.tm saýtynyň internet salgysy ýerleşdirildi. Bu salgy arkaly saýtlara girýän islendik ulanyjy üçin «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat baradaky maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça işleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygy nazara alnyp, saýty döredijiler tarapyndan onuň VR hem-de QR kodlarynyň döredilendigini aýtmak gerek. Internet ulanyjylar www.neutrality.gov.tm saýtynyň VR we QR kodlary arkaly hiç hili bökdençsiz, öýjükli telefonlarynyň üsti bilen, gerekli maglumatlary alyp bilerler. Daşary ýurtlaryň internet sahypalarynda täze saýtyň göni salgylanmasyny ýerleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. (Ýörite habarçymyz).