TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw saglyk, maşgalanyň meýilleşdirilmegi we çaganyň ösüşi ulgamyndaky çäreleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen geljekki hereketler boýunça pikirler alyşyldy.

Sebit we global derejesinde utgaşdyrylan amallaryň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen taraplar, Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamyndaky işlerini, hususan-da durmuş taýdan goraglylyk bilen birlikde migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ýardam bermek boýunça hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.