TÜRKMENISTANYŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ÜÇIN MÖHÜM GOŞANDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy.

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyçlar halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir.

Bu gün dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazaryň biologik köpdürliligini saklamak hem-de başga birnäçe meseleler bilen baglanyşyklydyr.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary kemala geldi. Ozal boş ýatan baýyrlar amatly howa gurşawyny emele getiren bagy-bossanlyklara bürendi. Ekilen bag nahallarynyň sany onlarça milliona ýetdi.

Baharyň ajaýyp pursadynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda agzybirlikli zähmet joşguny döredi. Müňlerçe adamlar uly ruhubelentlik bilen bu asylly çäre goşuldylar.

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi.

Şunuň bilen birlikde, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işlerine hem uly ähmiýet berildi. Munuň özi ýaş bag nahallarynyň sazlaşykly ösmeginde we güýç toplamagynda wajypdyr.

Şu nukdaýnazardan, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan tarapyndan şu ýylyň mart aýynyň başynda yglan edilen Ermenistanda 10 million agaç ekmek boýunça fleş-mob bellärliklidir. Ermeni Premýer-ministri: «Agajyňyzy oturdyň, ösdüriň we ýakynlaryňyza, ata-babalaryňyza, watanyňyza beriň» -diýdi.

Fleş-mobyň maksady 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Ermenistanda 10 million agaç ekmekden ybarat. Ermenistan Respublikasynyň Daşky gurşaw ministri Erik Grigorýan şol gün tutuş ýurt boýunça ählihalk agaç nahallarynyň ekilşiniň yglan ediljekdigini, bu işde fiziki taýdan başarnykly Ermenistanyň raýatlarynyň hemmesiniň gatnaşjakdygyny aýtdy. Tutuş ýylyň dowamynda bahardan başlap tokaý döretmek işleri amala aşyrylar.

Çarentsawan mekdebiniň okuwçysy Aida Agajanýanyň Daşky gurşawy goramak ministrine ýazan hatyndan soň bag ekmeklige başlamak çaresine çagyryldy we ýurduň Premýer-ministri bilen onuň başyny başlady. Bu okuwçy gyz öz hatynda Ermenistanyň owadan we onuň howasynyň arassa bolmagy üçin Ermenistanyň hemme ýerinde agaç ekmegi teklip etdi. Bu ekiş üçin Nikol Paşinýan kedr tohumyny, Aida bolsa kül agajyny saýlady. Tohumlar küýzelerde ekildi. Olar
10-njy oktýabra çenli küýzelerde ösdüriler. 10-njy oktýabrda bolsa topraga göçüriler. Paşinýan «Ermenistanyň ähli raýatlaryny bag ekmeklige çagyrýarys. 10-njy oktýabrda boljak çärä gatnaşmak üçin öz agajyňyzy oturdyň we ösdüriň» -diýdi. Premýer-ministr tarapyndan yglan edilen tutuş ýurt boýunça fleş-mob-a goşulmak isleýändigini mälim eden raýatlar üçin Aýantar (Armtokaýçylyk) mugt tohum berer.

Şeýle hem Daşky gurşawy goramak ministri agaç nahallaryny ekmegiň maksatnamasynyň dünýä derejesinde we bütin dünýäde durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Umuman, 1 trillion agaç ekmek meýilleşdirilýär.