Bir döwür Merw Bagdat, Kair ýa-da Damask ýaly yslam dünýäsiniň möhüm paýtagtlaryndan biri hasaplanýardy

Gadymy Merw – şalaryň kalby. Gadymy döwürlerden bäri Maru-Şahu-jahan (Mary - şalaryň kalby) diýlip tanalan beýik Orta Aziýa şäheri Murgap derýasyna ýanaşýan mes toprakda kemala geldi. Onuň täsinligi dürli eýýamlara degişli bolan beýik şäherleriň bir ulgamyny düzmegindedir, şol bir wagtda beýleki gadymy şäherlerde köne ilatly ýerleriň ornunda täze şäherleri gurmak däbe öwrülipdi. Gadymy Merwiň şäherleri müňlerçe gektara barabar ýerleri eýeleýär.
Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala – bularyň her biriniň aňyrsynda şalyklaryň we nebereleriň köpasyrlyk taryhy, uruşlaryň taryhy hem-de ýiti durmuş sarsgynlaryndan soň, şäheri döretmegiň, ösdürmegiň ýylýazgysy saklanýar. Häzir bolsa bu alymlar üçin hakyky arheologik jennet bolup, olar bu ýere dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýärler hem-de gadymy türkmen topragynda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, XIX asyryň ahyryndan başlap, Merwi öwrenen alymlaryň ylmy däplerini dowam edýärler.
Bu ýerde ýerleşen gadymy geçmişiň subutnamalarynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, Türkmenistanyň hökümetiniň karary bilen, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi. 1999-njy ýylda bolsa bu ýadygärlikleriň tutuş toplumy UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Merw bir döwür Bagdat ýaly, Kair ýa-da Damask ýaly yslam dünýäsiniň paýtagtlarynyň biri hasaplanypdyr. Şol döwürde Merw Gündogaryň ajaýyp şäherleriniň biri bolupdyr. IX asyryň başynda onda Arap Halyflygynyň horasanly hökümdary, halyf Garun ar-Raşidiň ogly al-Mamun mesgen tutýar. 813-nji ýylda bolsa al-Mamunyň özi halyf bolýar, emma bu waka çenli ol uzak wagt Merwde ýaşaýar.
Taryhçylaryň belleýşi ýaly, şol döwürde Merw Halyflygyň paýtagtynyň wezipesini ýerine ýetiripdir diýen ýaly—tutuş Arap döwleti boýunça ähli görkezmeler we kesgitlemeler şol ýerden gelipdir. Şol wagt şäher öz taryhynyň gysga, emma ajaýyp döwrüni başdan geçiripdir.
Merw XI-XII asyrlarda gülläp ösýär, bu döwür Beýik Seljuk türkmenleriniň dolandyran döwri bolup, olaryň imperiýasy Amyderýanyň çöketliginden başlap, Ortaýer deňzine çenli uzalypdyr. Mälim bolşy ýaly, Mälikşanyň döwründe Merwiň harby-inženerçilik desgalarynyň durky täzelenýär. Şäher çalt depginler bilen ösüpdir. Hut şol wagt «Şalaryň kalby» diýlip atlandyrylýar. Hakyky medeni ösüşiň döwri başlanýar, şonda Merwe musulman dünýäsiniň meşhur şahyrlary, suratkeşleri we binagärleri gelip, nesillere öz öçmejek eserlerini galdyrýarlar.
Seljuklar döwründe Merw çalt depginler bilen ösüp, Merkezi Aziýanyň iň uly şäherine hem-de ähli musulman Gündogarynyň iri merkezine (onuň şäher ýakasy bilen tutýan meýdany 1800 gektara, ilat sany bolsa 150 müň adama ýetipdir) öwrülýär. Şol döwürde şäherleriň ählisiniň diýen ýaly 2-5 müň ýaşaýjysynyň bolandygyny nazara alanyňda seljuklar Merwiniň geriminiň näderejede bolandygy bellärliklidir. 1118-nji ýylda seljuklaryň soňky soltany Sanjar Merwi beýik imperiýanyň paýtagtyna öwürýär. Bu ýere uç-gyraksyz genji-hazynalar akyp, galalary, metjitleri, köşkleri gurmaga mümkinçilik beripdir.
Merw şäheriniň seljuklar bölegi – Soltan galanyň merkezinde Türkmenistanda iri gadymy desga bolan Soltan Sanjaryň kümmeti seleňläp görünýär. Orta asyr ýazgylarynda bolsa kän agzalýan binagärlik ýadygärlikleri onçakly köp däl.
Soltan Sanjaryň kümmeti hakynda ilkinji maglumatlar orta asyr awtorlarynyň işlerinde duş gelýär. Belli arap syýahatçysy, geografiýaçy we taryhçy Ýakut al-Hamawy Merw şäherini mongol çozuşlaryna çenli -- XIII asyryň başynda görüp, bu desga barada şeýle ýazypdyr: «Onuň üstünde mawy reňkli gümmez seleňläp, ol bir günlük ýola barabar uzaklykdan hem görünýär».
Çingiz hanyň goşunlarynyň ýetiren weýrançylyklaryndan soň Merwiň onlarça ýyl harabalyk bolup ýatan wagtynda hem Soltan Sanjaryň kümmetini görenler şeýle ýazypdyr: «Bu dünýäde iň uly binadyr» (Raşid-ad-din, XIV asyr) hem-de «Älem-jahanyň iň beýik desgalarynyň biri, örän mäkäm bolansoň, zaýaçylyk oňa ýanaşyp hem bilmez» (Isfizari, XV asyr).
400 ýyldan soň - 1880-nji ýylda bu ýerde «Deýli nýus» Londan gazetiniň habarçysy Edmond O’Donowan bolup, ol, hususan-da, şeýle ýazypdyr: «Soltan Sanjaryň gubury zyýarat ýeri bolup, türkmenleriň hiç biri-de bu ýerde ruhy aram tapan hökümdara hormat goýman, onuň deňinden geçip bilmeýär».
Soltan Sanjaryň kümmeti XII asyryň ortasynda köşkleri we metjidi öz içine alan toplumyň merkezi bölegi hökmünde gurlupdyr. Häzir bar bolan desga—1221-22-nji ýyllarda mongollar tarapyndan Merwiň weýran edilmeginden soň, bu toplumda şu güne çenli saklanyp galan ýeke-täk desga bolup durýar. Onuň merkezindäki daşyň ýüzünde şeýle ýazgylar bar: bu ýer hijri ýyllarynyň bäşinji asyrynyň ahyrynda ýaşap geçen seljuklaryň nesillerinden, beýik şalaryň hataryndan bolan Soltan Sanjaryň ruhy siňen keramatly ýerdir. Ol öz döwründe Isgender (Aleksandr Makedonskiý) ýaly adalatly bolupdyr, alymlaryň we şahyrlaryň howandary bolupdyr hem-de onuň döwründe yslam dünýäsi ylymlar we sungatlar netijesinde gülläp ösüpdir we bagtyýar bolupdyr.
Soltan Sanjaryň özi barada aýdylan zatlar az däl. Hökümdar soltan Mälikşanyň kiçi ogly kakasy aradan çykandan çärýek asyr soň, tagta çykýar, onuň uly doganlary miras galan ägirt uly imperiýada merkezi häkimiýeti saklap bilmändirler. Beýik döwlet böleklere bölünip başlapdyr.
Emma şol döwre çenli Horasanyň hökümdary bolan Sanjar döwleti halas etmek üçin netijeli çäreleri görýär. Imperiýanyň paýtagtyny Yspyhandan Seljuklar döwletiniň ojagy bolan we onuň şöhratly ata-babalary Çagrybegiň we Alp Arslanyň guburlary ýerleşen Merwe geçirmek bilen, Soltan Sanjar bölünip aýrylan ýerleri yzyna gaýtaryp ugrapdyr. Günbatary we Gündogary birleşdiren ägirt uly imperiýany diňe başarnykly dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmegi üçin şertleri döreden beýik neberäniň şan-şöhraty täzeden şugla saçýar.
Döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde dagynyk ýerleşen binalar bu ülkäniň beýikligine şaýatlyk edýär. Bir döwür bu ýerde durmuş gaýnap joşupdyr, köp mähelleli bazarlar daş-töwerege ýaň salypdyr, dünýäniň dürli künjeklerinden kerwenler gelipdir, üsti gümmezli we beýik minaraly ajaýyp binalar bagy-bossanlyga gark bolupdyr, doly suwly akabalardan ýakymly şemal öwsüpdir, içi kitapdan doly kitaphanalarda danalar ylmyň uç-gyraksyz giňişliklerine çümüpdir, Soltanyň köşgüniň ajaýyp zallarynda bolsa, bu ýerden müňlerçe kilometr uzaklarda ýerleşen ýurtlaryň we halklaryň ykballary çözülipdir.
Soltan Sanjaryň ajaýyp kümmeti şol beýikligiň subutnamalaryny asyrlaryň içinden geçirip, bize ýetirdi. Binagärlik pikiri, owadan bezelen jaýlar doly saklanyp galmadyk hem bolsa, kümmetiň netijeli çözgütleri dünýäniň bu sebitinde gurluşyk sungatynyň uzak wagt gülläp ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Alymlar türkmen-seljuk döwletinde iri gurluşyk birleşmeleriniň hem-de özboluşly nusgalaryny işläp düzen özbaşdak binagärlik mekdepleriniň bolandygyny ylmy taýdan esaslandyrdylar. Kümmetiň içindäki ýazgy binagär Muhammed ibn Atsyz as-Serahsiniň adyny ebedileşdirdi. Bu ýazgydan ugur alanyňda, onuň aslynyň Sarahsdan bolandygyna hem-de belli sarahs toparyna degişli bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Bu eýýamda sarahsly ussalaryň bina eden ýadygärlikleri diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, goňşy ýurtlarda hem saklanyp galypdyr.
On bäş ýyl mundan öň, kümmetiň durky düýpli täzelenip, bu işiň barşynda binanyň daşarky gümmezi gaýtadan döredildi hem-de gümmezasty egniň ýüz tarapy üýtgedildi, şeýle hem ýokarky ýarusyň galereýasy doly dikeldildi. Şeýlelikde, XXI asyryň başynda onuň ylmy taýdan dikeltmek işiniň düzgünlerine we talaplary boýunça gaýtadan döredilen täze keşbi emele geldi. Bu ýerde işler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň ýitgisine ýol bermez ýaly ýerine ýetirildi. Dikeldiş işlerini geçirýän türkmen alymlary beýleki taslamalarda hem hut şeýle strategiýa eýerip, ýadygärligiň ruhuny, onuň özüne çekijiligini saklamaga çalyşýarlar.