AŞGABADYŇ WE ÝEREWANYŇ ÝOKARY OKUW SAZÇYLYK MEKDEPLERI WIDEO-FORMATDA USSATLYK SAPAKLARYNYNA BAŞLANGYÇ BERDILER

photo

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy akademiki wokal we fortepiano boýunça master sapaklary bilen wideo gepleşik geçirdi.

Ermenistanyň at gazanan artisti, professor Anna Maýilýan we Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň fortepiano bölüminiň dekany, professor Irina Akopýan türkmen konserwatoriýasynyň talyplary we ýaş mugallymlary bilen özüniň tejribesini paýlaşdylar. Bu duşuşyga ermeni tarapdan aýdym-saz wideo köprüsiniň dolandyryjysy, pianinoçy, saz öwreniji, sungat taryhynyň kandidaty, Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti Narine Awetisýan ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary ermeni ussatlarynyň garamagyna Romanos Melikýan tarapyndan redaktirlenen beýik ermeni kompozitory Komitasyň «Erik agajy» aýdymyny ýerine ýetirişlerini hödürlemek bilen wokal ussatlyk synpyny açdylar. Şeýle täsir galdyryjy ýerine ýetiriliş Ýerewan konserwatoriýasy tarapyndan mähirli garşylandy we bu dialogyň dowamy birek-birege düşünişmek esasda alnyp baryldy.

Türkmen talyplary, şeýle hem, Pietro Maskagniniň «Oba namysy» operasyndan Satussanyň ariýasy, Jakomo Puççininiň operasyndan Toska, Rossininiň «Ogry garga» operasydan Ninettanyň kawatini aýdymlaryny aýtdylar. Ermenistanly ajaýyp aýdymçy Anna Maýilýan ýaş aýdymçylara baha berip, aýdym aýtmagyň usulýeti barada durup geçdi, bu hünäriň inçe taraplary barada ýaşlar bilen paýlaşdy.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň propektory Baýmyrat Gutlymuradowyň wokal öwretmegiň täze usullary barada beren soragyna Maýilýan, döwrüň bir ýerde durmaýşy ýaly aýdym-saz pedagogikasynyň hemişe ösýändigini we elbetde täze tehnikalaryň we tejribeleriň emele gelýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ýerwan döwlet konserwatoriýasy esasan Ýewropanyň ýörite edebiýatyny ulanýarlar, nusgawy usullar bilen bilelikde uly netijeler berýän täze çemeleşmeleri gözleýärler.

Wokal ussatlyk synpynyň ahyrynda ýerine ýetirilen Komitasyň «Kakewik» aýdymynyň özüniň göwnünden turandygyny Anna Maýilýan aýtdy. Iki tarap hem gepleşikleriň bu görnüşini halady we bu aragatnaşygy yzygiderli dowam etdirmek kararyna gelindi.

Ýene bir ussatlyk synpy - fortepianoda professor Irina Akopýan alyp bardy. Ol türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Aram Haçaturýanyň eserlerini, Şopeniň etýudlaryny, Şopeniň «Tarantellasyndan»  bölekler diňläp, her bir çykyşa teswir bermek bilen saz çalmagyň tehnikasy we inçe taraplary barada özüniň maslahatlaryny berdi.

Ýerwan döwlet konserwatoriýasynyň fortepiano bölüminiň dekany hökmünde Irina Akopýan hünärmen işgärleri taýýarlamakdan ybarat bolan uniwersitetiň taryhy barada gysgaça gürrüň berdi: ýerine ýetirijiler, kompozitorlar, saz öwrenijiler, aýdym-saz toparlarynyň ýolbaşçylary, medeni çäreleri guraýjylar we ş.m.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamuradowa şu günki çäräniň täze hyzmatdaşlygyň başlandygyny we medeniýet pudagynda dostluk köprüsiniň döredilendigini belläp, türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny gysgaça hödürledi.

Iki dogan halkyň umumy medeniýetiniň alamaty hökmünde türkmenleriň milli guralynyň, dutaryň we ermeni kanonynyň birmeňzeşligini bellendi. Aram Haçaturýanyň Tokattalary bilen başlanan fortepiano ussatlyk sapagynyň simwoliki soňy, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» eseri bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň kömegi bilen guralan bu çäre, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ýerewana bolan resmi saparynyň dowamynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşdy.